Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, asmanymyzyň asuda, ýurdumyzyň abadan bolmagyny dilleriniň senasyna öwren pederlerimiziň eden arzuw-umytlary hasyl bolýar. Däp-dessurlaryny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan ata-babalarymyz parahat durmuşda ýaşap, ähli eşretlere ýetip bolýandygyna berk ynanypdyr. Şol ynamdan goňşy arasyndaky gatnaşyklarda hoşniýetli häsiýetlerimiz döräpdir. Dünýäniň dört künjünde döwlet gurmagy başaran pederlerimiz hut şu häsiýet bilen tanalypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen döwletiniň daşary syýasatdaky ugry tutuş adamzat tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ençeme abraýly halkara guramalar bilen bilelikde uly forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň ykrar edilmegi bolsa beýik başlangyçlaryň dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy üçünji gezek Kararnama bilen ykrar edildi.
Türkmenistan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly-doganlykly gatnaşyklary ýola goýýar, dünýäniň halkara giňişliginde binýady berkden tutulan kuwwatly döwletleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy soňky ýyllarda has-da belent derejelere eýe bolýar.
Bu gün Ýer ýüzünde parahatçylygyň we agzybirligiň, dost-doganlygyň mekany hökmünde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ykdysady, syýasy we medeni taýdan ýokary sepgitlere eýe bolup, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri bilen uly ösüşlere beslenýär.
Ýurdumyz BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde dünýäde we sebitde parahatçylygy gorap saklamak babatda özüniň oňyn başlangyçlary bilen çykyş edýär. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik häsiýetine eýe bolan we ählumumy bähbitleri nazarlaýan asylly başlangyçlary dünýä döwletleri hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldaw tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde ýurdumyz dünýäde we sebitde parahatçylygyň mekany hökmünde tanalýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän parahatçylykly başlangyçlary netijesinde, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmündäki orny barha beýgelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty häzirki zamanyň umumadamzat bähbitli başlangyçlaryny nazarlaýar. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, milli kanunçylygymyz halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagyny kepillendirýär. Türkmenistan bütin dünýäde we sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde iň täze tehnologiýalary, tejribäni ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy barha giňeldýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn sahypalary ýazýar. Şanly ýylyň her gününde diýen ýaly şaýat bolýan şatlykly wakalarymyz, gazanylýan üstünlikler, gurlup ulanmaga berilýän durmuş-ykdysady maksatly desgalar halkymyzyň göterilen ykbalynyň subutnamalarydyr. Şu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bolýar, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar.
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejedäki plenar mejlisinde çykyş edip, döwletimiziň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etmegi hem şanly ýylyň taryhy wakalarynyň birine öwrüldi. Şol başlangyçlaryň uly böleginiň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz we ondan gelip çykýan parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, howpsuzlyk ýaly gymmatlyklar bilen baglanyşyklydygyny bellemek gerek.
Goý, ýurdumyzy parahatçylygyň we abadançylygyň, beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Güldesse Babaýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili usuly birleşmesiniň mugallymy.
