Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz toý-baýramlara, uly ösüşlere beslenýär. Şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllyk şanly baýramy bellenilýär. Ýurdumyz häzirki wagtda parahatçylyk söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi.
Şu ýyl 28 ýaşyny doldurýan türkmen Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň sammitlerinde iki gezek ykrar edildi. Bu ykrarnamalar tutuş adamzadyň Bitaraplygyň türkmen nusgasyna berýän iňňän ýokary bahasyndan alamatdyr.
Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzyň 2-nji maddasynda: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir» diýlip berkidilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Çünki bitaraplyk içeri syýasatda döwletimiziň parahatlygyny, erkinligini üpjün edýän bolsa, daşary syýasatda döwletimize taryhy ähmiýetli, halkara ynsanperwer başlangyçlary öňe sürmäge mümkinçilik berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günlerinde biz — ýaşlar hem bu ösüşleriň, özgerişleriň şaýady bolýarys, Watanymyzyň gazananlaryna buýsanýarys. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmeniň hemişelik Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýär.
Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ynsanperwer daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän döwletimiz üçin Ýer ýüzünde abadançylygy goldamak we berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz wajyp başlangyçlary öňe sürmek bilen, bu meseleleri üstünlikli çözmäge dünýä bileleşiginiň tagallalaryny gönükdirmäge çagyrýar.
Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk statusyny ykrar edýän «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistan hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolupdy. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy ýurduň daşary syýasatyny beýleki döwletleriň daşary syýasatyndan tapawutlandyrýan esasy aýratynlykdyr. Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň taryhdan gözbaş alýan parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen, Türkmenistanyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketlerine sazlaşykly utgaşýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagta çenli dünýäniň 153 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 40-dan gowragy, şonuň ýaly-da, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalardyr konsullyklaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýar.
Bu günki gün parahatçylyk söýüjilikli, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap türkmen döwletiniň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar, ýurduň abraýly halkara guramalarda öňe sürýän köp sanly başlangyçlaryna düşünilýär we olar giňden goldanylýar. Geçen ýyllaryň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça Kararnamalaryň köp sanlysynyň kabul etmegi munuň anyk mysalydyr.
Milli Liderimiziň daşary syýasatda başyny başlan oňyn işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, bu gün eziz Diýarymyz parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň ýurdy hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022—2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanylyp, halkara gatnaşyklar ulgamynda düýpli özgerişlikler bolup geçýär.
Goý, bütin dünýäde parahatçylyk sazy, agzybir ojaklarda ene hüwdüsi, çaga gülküsi ýaňlanyp dursun! Halkymyza eşretli zamanany, asuda hem parahat durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülnur Hojaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.