Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler halkymyzyň buýsançly başyny Göge ýetirýär. Bitaraplyk hukuk derejämiziň üç gezek ykrar edilmegi parasatly pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik we parahatçylyk ýörelgelerimizi dabaralandyryp, bagtyýar halkymyzyň buýsanç-mertebesini-de belende göterýär.
Türkmen jemgyýetinde syýasy durnuklylygyň we agzybirligiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin amatly daşarky şertleriň üpjün edilmegi hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň gazanan beýik üstünlikleriniň biridir. Hut şonuň netijesinde hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky abraý-mertebesi barha belende galýar.
Her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýän Halkara Bitaraplyk güni bagtyýar halkymyzyň hoşniýetliliginiň, dost-doganlygynyň baýramydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dabarasy uludan tutulýan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy agzybir ulus-ilimiziň şan-şöhratyny dünýä doldurýan buýsançly baýramlarymyzyň biridir.
Türkmenistan 2025-nji ýylda parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmek ugrunda möhüm işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Sebit we halkara ähmiýetli çözgütleri işläp taýýarlamaga we işjeň durmuşa geçirmäge gatnaşýar. Şunda, Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenýär. Serhedüsti suwlar, energetiki serişdeler, howanyň üýtgemegi, ykdysady durnuklylyk, ýaly meseleleri şolaryň hatarynda görkezmek bolar.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem şu meselelerde zenanlardyr ýaşlara degişli ählumumy gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ünsi jemläp, sebitiň döwletleriniň arasynda köptaraply dialoga ýardam bermegini dowam etdirýär. Dünýä möçberinde gapma-garşylyklaryň ýitileşýän häzirki şertlerinde döwletleriň arasynda ähli derejede özara dialogy berkitmek arkaly hyzmatdaşlygy ilerletmek esasy wezipe bolup öňe çykýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.
Bu günki gün biziň döwletimiz bilen ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga döwtalap ýurtlaryň barha köpelip barşy hem megerem, halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň barlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şol gymmatlyklarymyzyň dünýä çykýanlygy bilen bagly bolsa gerek. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde goňşy we dünýä döwletleri bilen ähli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ugurlarda hem dostlukly gatnaşyklary ýola goýup, ony has-da berkidýär. Çünki medeniýet, sungat ynsan kalbyna dostluk köprüsini çekýär.
Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik başlangyçlaryň ýurduna öwrülen güneşli Diýarymyzyň täze taryhy altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle ynsanperwer ädimler, beýik işler diňe bir dünýä döwletleriniň däl, eýsem, iri halkara guramalarynyň baky Bitarap Türkmenistana, hormatly Prezidentimize çuňňur sylag-sarpasyny, hormatyny artdyrýar.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri düzüp, ol sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslarynyň döwrebap kanunçylygy kabul edildi. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi gürrüňi edilýän meselede möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu Konstitusion Kanun hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny hem-de onuň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini we maksatlaryny kesgitleýär.
Şu günler biz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara forumlary, sergileri we giň möçberli çäreleri dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde belläp geçýäris. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetiniň we mazmunynyň hil taýdan täze derejelere çykan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň uludan-kiçisi şeýle abraý-mertebeli ýurtda ýaşaýandygyna çäksiz buýsanýar.
Jennet Berdimyradowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
