Türkmen halkynyň durmuşyndaky her bir üstünlik özüniň gaýtalanmajak gymmaty bilen taryha girýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyz beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Garaşsyzlygymyza guwanyp, Bitaraplygymyza buýsanýan bagtyýar halkymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga, uly ruhubelentlige beslenýär. Çünki milli Liderimiz: “Biziň ähli üstünliklerimiziň binýady ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy we onuň Bitaraplygydyr. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – parahat, asuda, bolelin we gülläp ösýän durmuşy beren beýik mukaddesliklerimizdir. Mukaddeslige tagzym etmek bolsa asylly däbimizdir” diýip belleýär. Bu günki gün mukaddes ýaşyl tugumyz gazanylýan ähli üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň buşlukçysy bolup, al-asmanda, belentde parlaýar.
1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-nyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň bu Guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul etdi. Agza ýurtlaryň her biri BMG-niň Ustawynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assembleýasy dünýäniň 185 döwleti tarapyndan taryhy rezolýusiýanyň kabul edilmegi netijesinde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy.
Türkmenistan Bitaraplyk derejesine eýe bolan gününden başlap, ýer togalagynda adamzadyň bagtyýar geljegine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklary babatdaky birnäçe başlangyçlaryň başyny başlady. Bitaraplyk derejesi dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim we beýleki ugurlarda iki tarapa bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda, milli Liderimiziň köpugurly daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda ähmiýetli orny eýeleýär. Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň syýasaty amala aşyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýäniň iri halkara guramalary bilen köp ugurly hem-de giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi has-da giňeýär.
Häzirki wagtda Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara we sebitleýin guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Arkadag Prezidentimiz BMG-niň Baş assambleýasynyň münberinde umumadamzat bähbitli, çögütli teklipleri bilen yzygiderli çykyş edip gelýär.
Milli Liderimiziň energiýa serişdeleriniň ygtybarly üstaşyr geçirilmegi, Merkezi Aziýa we Hazar basseýni zolagynda ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek, düýpli ekologik meseleleri çözmek, Araly halas etmek we Hazar deňziniň täsin tebigy baýlyklaryny dikeltmek bardaky orta atan teklipleri dünýä ýurtlarynyň arasynda uly goldaw tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan döwletimiziň, türkmen halkynyň abraý-mertebesini uly yhlas bilen beýgeldýändigini geçen ýyllar açyk-aýdyň görkezdi. Ýigrimi bäş ýylyň içinde döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynda uly abraýy bar. Çünki Türkmenistanyň Owganystana demir ýoluny çekmek hem-de ony Owganystanyň çägi boýunça dowam etdirmek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz gaçirijisiniň gurluşygyna gönükdirilen tagallalary işjeňleşdirmek, sebit we dünýä ähmiýetli Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň dabaraly ýagdaýda açylmagy, Bitarap Watanymyzyň Energetika Hartiýasynyň başlyklygyna saýlanmagy, Türkmenistanyň özüniň Owganystana berýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak hakynda eden çykyşlary ýaňy ýaly bolsa-da, olaryň eýýam ençemesi iş ýüzüne geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde barha pugtalanýan ornuny görkezýär.
BMG-sy bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Biziň döwletimiz BMG-niň Baş Assembleýasynyň işine yzygiderli gatnaşýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assembleýasynyň 69-njy mejlisinde agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda we 47 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň durmuşyndaky täze döwri alamatlandyrdy. Dünýä bileleşigi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. 2017-nji ýylda BMG-nyň Baş Assembleýasy 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany kabul etdi. Bu bolsa biziň daşary syýasatymyzyň dünýäde uly goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Indi 12-nji dekabr “Halkara Bitaraplyk güni” hökmünde giňden dabaraly bellenilýär. 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assembleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrmak barada taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assembleýasynyň birnäçe sessiýasyna wise-başlyklyga saýlanmagy Gahryman Arkadagynyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatyna berilýän belent bahadyr.
Türkmen döwleti üçin Bitaraplyk derejesi bu gün gülläp ösmegiň berk binýadyna, halkymyzyň milli guwanjyna we mertebesine öňwrüldi. Hormatly Prezidentimiz: “Bitaraplyk türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biridir. Bitaraplyk döwletimize asudalykda, agzybirlikde, erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilik açdy. Baky Bitaraplygymyz ürkmen döwletiniň daşary syýasatynyň geljekki üstünlikleriniň kepili bolup durýar. Bitaraplyk biziň beýik gazananymyzdyr, ony geljekde-de parahatçylygyň we ýagşylygyň nyşany hökmünde nesillerden nesillere geçirmek biziň borjumyzdyr” diýip belleýär.
Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesi esasynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary hilli bäsleşige ukyply önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, watanymyzyň eksport kuwwatyny berkitmek, täze obadyr, şäherleri gurmak, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri senagat önümçilik toplumlaryny gurmak, sanly ulgama geçmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy ýaşaýyş we durmuş maksatly ägirt uly işleriň amala aşyrylmagy bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem düýpli özgertmeler bolup geçýär. Türkmen döwleti häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen üçünji Müňýyllygyň maksatnamasynda tutuş adamzadyň ösüşine degişli mesele bolan ynsan saglygyny gorap saklamak ýaly oňyn işlere hem işjeň gatnaşýar. Bitarap Watanymyzyň ösüşine, halkymyzyň sagdynlygyna gönükdirilen beýik işler adamlarda egsilmez güýji, ruhubelentligi döredip, ata Watana bolan beýik söýgüni artdyrýar.
Türkmen halky häzir ýurt Garaşsyzlygynyň mäkäm binýat tutan, hemişelik Bitaraplygynyň çuňňur kök uran ajaýyp zamanasynda-Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadaymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşaýar, işleýär, döredýär, gurýar. Bagtyýar halkymyzyň her bir güni täze ýeňişlere, ajaýyp üstünliklere beslenýär.
“Ilkinji nobatda meniň bar aladam halkym bolar” diýen parasatly şygary bilen gurmagyň, döretmegiň beýik nusgasyny görkezýän Arkadag Prezidentimiziň tutanýerli we maksadaokgunly zähmetine, durmuşa geçirýän beýik işlerine, pähim-paýhasyna, ynsanperwerlik ýörelgelerine tüýs ýürekden guwanýarys. Adam hakyndaky aladanyň ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alan döwründe agzybirligi, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi dabaralandyrýan Bitaraplyk düşünjesi sözüň doly manysynda biziň milli buýsanjymyza öwrüldi.
Rahat Ataýew
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy