JEMGYÝET

Bitaraplygyň 25 ýyllygy: 25 million bag nahaly ekiler

Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýyl ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylyň güýzki möwsüminde ýene-de saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň 15 million düýbüni ekmek barada degişli teklipler işlenip taýýarlandy. Bu barada bugün geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Ählihalak bag ekmek dabarasyny 7-nji noýarda geçirmek göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiz mejlisiň barşynda bag nahallaryny ekmek barada taýýarlanan Karara gol çekdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlygyna öwürmek hem-de eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak, şeýlede Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäginde 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1617-nji Kararyna laýyklykda, ekilmegi bellenen 10 million düýp nahala goşmaça 15 million düýp saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallaryny, şol sanda ministrlikleriň, pudaklaryn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 7 million 500 müň düýp nahaly, welaýatlaryň häkimliklerine 7 million 5 müň düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Resminama bilen Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy