Türkmenistan halky dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üçin aýratyn ähmiýetli ýyl. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy giň gerimde bellenildi.
HALKARA MASLAHAT
Paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk syýastay we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny” atly halkara maslahaty geçirildi.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat başlamazdan ozal, baýramçylygyň şanyna “Bitaraplyk” binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.
Soňra ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda halkara maslahatyň dabaraly açylyş boldy. Halkara forumyň dabaraly maslahatyna hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Baky Bitaraplygymyzyň şanly toýuna bagyşlanan maslahata hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, halkara guramalaryň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly habarçylar gatnaşdylar.
Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň hem çagyrylan forumynda baky Bitaraplygymyzyň dünýä ýüzündäki ähmiýetini açyp görkezmekde möhüm çäreleriň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz maslahatyň öňüsyrasynda baky Bitaraplygymyza bagyşlanan halkara sergini aýlanyp gördi. Soňra milli Liderimiz dabaraly maslahata gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi.
HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÇYKYŞY
Şeýle hem dabaraly maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýmeniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebewiň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norow, ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaýyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.
Abraýly guramalaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda türkmen Bitaraplygynyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellediler.
Mundan başga-da, maslahatyň barşynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd hem-de Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin çykyş edip, diplomatlar Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler.
Soňra halkara maslahat plenar mejlislerde dowam etdi. Plenar mejlislerde aýry-aýry mowzuklarda, ýagny “Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde Bitaraplygyň orny”, “Döwletleriň we halkara guramalaryň global parahatçylygy dörediş hereketlerine goşandy” ýaly ugurlarda çykyşlar diňlenildi.
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!