SIZDEN GELENLER

“Bitarap Watanym-Türkmenistanym!”

Hydyr gören topragynda oturan,

Säheriniň ak daňyny ataran.

Merdana ilini bagta ýetiren,

Bitarap Watanym-Türkmenistanym!

***

Ýollar uzaýandyr, röwşen geljege

Diller dessan saýrar beýik gerçege.

Türkmen joşa gelýär,

bu gün gör ýene,

Bitarap Watanym-Türkmenistanym!

***

Her döwrüni şöhratlara getiren,

Pederleriň gaýratyny göteren,

Arkadag pähminden bagta ýetilen,

Bitarap Watanym-Türkmenistanym!

***

Ganatlara beslenýändir göwünler,

Bir-birinden, zyýat geler döwürler.

Yhlasyndan,

ylhamlara öwürlen,

Bitarap Watanym-Türkmenistanym!

***

Berkararlyk, bagtyýarlyk guwanjy,

Heňňam bolan asyrlaryň daýanjy.

Alym,

Arkadag dur başynda täji!

Bitarap Watanym-Türkmenistanym!

***

Sährasyna tagmasyny siňdiren,

Namys diýip, goja zemin gezdiren.

Ak şährini, messan eýläp söýdüren,

Bitarap Watanym-Türkmenistanym!

***

Baýlygym sen,

barlygym sen,

arkam sen,

Ýedi yklym soňlanmajak sarpam sen.

Mukaddes duzuňy,

Hakdan haklar men,

Bitarap Watanym-Türkmenistanym!

Amansoltan Sytdyhowa,
Magtymguly adyndaky
TDU-nyň Himiya fakultetiniñ 2-nji yyl talyby. 
https://www.atavatan-turkmenistan.com/2022-nji-yylyn-sygary-halkyn-arkadagly-zamanasy/

Ýene-de okaň

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti