SIZDEN GELENLER

Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty” atly gepleşiginiň  taýýarlanylyşynyň aýratynlygy we ähmiýeti barada okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna institutymyzyň 1-nji ýyl talyplarynyň we mugallymlarynyň  gatnaşmagynda geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk syýasatyny ösdürmäge we dünýä derejesinde ýaýmakda alyp barýan irginsiz işleri barada gürrüň edildi. Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin Halkara giňişlikde amatly ýagdaýlary döretmäge gönükdirilendir, şeýle hem dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly döwründe bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti has-da artýandygy hakynda ýatlanyp geçildi. Institutymyzda geçirilýän çäreler biz talyp ýaşlara Türkmenistanda halkara gatnaşyklar ulgamynda netijeli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň ylmy we tejribe taýdan düýpli öwrenilmegine, bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine düşünmekde uly ýardam berýär. Bu sapaga gatnaşyjylar okuw sapagynyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize Bitarap döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny ösdürmekde alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama üstünliklere ýar bolmagyny arzuw etdiler.

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby

 

Türk dili sahypamyz

Saýtymyza ýerleşdirýän habarlaryň käbiri, şeýle hem Türkiýedäki Türkmenistanlylary gyzyklandyrýan habarlary saýtymyzyň Türk dili sahypasyna ýerleşdirýäris. Eger Siz habarlarymyzy Türk dilinde okamak isleýän bolsaňyz, onda, ekranyň sag üst tarapyndan Türkiýäniň baýdagyny saýlaň!

Ýene-de okaň

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda okatmagyň innowasion ugurlary

Irki ösüş – kämil nesil

Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany

Baş wezipämiz – ynsan saglygy

18-nji fewral – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni

Türkmenistan – energetika döwleti