BIZNES

Birža täzelikleri: türk telekeçileri karbamid satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, polipropileni satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, dürli görnüşli dokma we tüýjümek önümleri, nah mata hem-de nah ýüplügi, agardylan pagta süýümini, dokma önümleriniň galyndylaryndan regenerirlenen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 87 million 808 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy