BIZNES

Birža täzelikleri: türk işewürleri polipropilen aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 729 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri buýan köküni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 4 million 680 müň manada deň bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Related posts

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

“Tesla”-nyň 50 milliard dollarlyk ýitgisi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment