DÜNÝÄ

Birnäçe diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Türkmenistanda düzediş edaralaryň işi bilen tanyşdylar

2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň haýyşy boýunça, Ahal welaýatynda ýerleşýän terbiýeçilik-zähmet edarasyna nobatdaky sapar guraldy. Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň we ABŞ-nyň ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşigiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylaryna azatlykdan mahrum edilen adamlaryň saklanyş şertleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Türkmenistan adam hukuklary baradaky Konwensiýalaryň işjeň agzasy bolmak bilen, olaryň milli kanunçylykda we degişli döwlet edaralaryň işinde durmuşa geçirilmegini doly üpjün edýär, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär.

Şu nukdaý nazardan, ýurdumyzda ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkara ynsanperwer guramalaryň sazlaşykly işini üpjün edýän milli we halkara derejede özara baglanyşygyň berk gurallary döredildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri hem penitensiar ulgamyny kämilleşdirmek, tejribe alyşmak, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň amala aşyrylmagy bolup durýar.

Özara gatnaşyklaryň netijeliliginiň subutnamasy hökmünde halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri üçin ýurdumyzyň terbiýeçilik-zähmet edaralaryna türkmen tarapynyň guraýan tanyşdyryş saparlaryny getirmek bolar.

Ýene-de okaň

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi