JEMGYÝET

«Birleşen Arap Emirlikleri – Türkmenistan» fitnes oýunlary geçirildi

Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Ýeňil atletika toplumynda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Birleşen Arap Emirlikleri – Türkmenistan» atly fitnes oýunlary geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Oýunlar Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, şeýle hem «Al-Wathba» welosiped topary bilen bilelikde guraldy.

Iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşýan bu sport çäräsine Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem köp sanly sport janköýerleri gatnaşdy.

Bassyr 3 ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu sport bäsleşiginiň açylyş dabarasynda çykyş eden BAE-niň ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylarynyň ýurtda sporty ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, şeýle hem sportuň halklary ýakynlaşdyrmakdaky möhüm ornuny has-da berkitmek maksady bilen, BAE-de federal kanunçylyk namasynyň kabul edilendigini, şonuň saýasynda BAE-de ýaşaýan ähli milletleriň ähli resmi sport ýaryşlaryna gatnaşyp bilýändigini aýtdy.

Ilçi BAE-niň 2031-nji ýyla göz öňünde tuan sport strategiýasyna laýyklykda, ýurduň ilatynyň 75 göteriminiň yzygiderli sport bilen meşgullanmagyny, şeýle hem Olimpiýa oýunlaryna 30-dan gowrak BAE-li türgenleriň gatnaşmagyny gazanmagy maksat edinýändigini belläp geçdi.

Türkmenistan bilen sport hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini bellän ilçi Al-Hameli 2023-nji, 2024-nji hem-de 2025-nji ýyllarda Abu-Dabiniň welosiped kluby Aşgabatda türgenleşik ýygnanyşygyny geçirendigini, 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça milli ýygyndysynyň “Abu-Dabi Grand Fondo” ýaryşlaryna gatnaşandygyny aýtdy.

FITNES OÝUNLARY BARADA…

Üçünji ýyl yzly-yzyna geçirilen ýaryşa jemi 40 topar (şol sanda erkeklerden düzülen 30 we zenanlardan düzülen 10 sany) gatnaşdy. Her topara üç türgen wekilçilik etdi.

Sport ýaryşlarynda paýtagtymyzyň iň uly sport klublaryndan şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň we beýleki ýurtlaryň türgenlerinden düzülen toparlar duşuşdylar.

Sport ýaryşyna 120-den gowrak türgen gatnaşyp, olar “CrossFit” sport bäsleşikleri boýunça özara bäsleşdiler.

“CrossFit” sport bäsleşikleri agyr atletika, gimnastika we metabolik taýýarlyk ugurlary öz içine alýar, türgenler bu ýaryşlara toparlaryn hem-de ýekelikde bäsleşýärler.

«Birleşen Arap Emirlikleri – Türkmenistan» fitnes oýunlarynyň çäklerinde türgenler ylgamak, dürli agyrlyklary galdyrmak hem-de ýüpde ýokary dyrmaşmak ýay ugurlarda baýrakly orunlary gazanmak babatda öz güýç-gaýratlaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňiji bolan türgenlere gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Birleşen Arap Emirlikleri – Türkmenistan» fitnes oýunlary ajaýyp sport wakasyna öwrüldi. Ýaryşlar diňe bir oňa gatnaşyjylaryň beden taýdan sagdynlygyny görkezmek bilen çäklenmän, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem mynasyp goşant goşdy.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (38-sany)

Türkmenistanda 9 aýda 6.3 göterim ösüş gazanyldy

Türkmenistanda täze döredilen etraplara täze häkimler bellendi

Türkmenistanda täze döredilen etraplara ýolbaşçylar bellendi

Türkmenistanda täze saglygy goraýyş merkezleri gurlar

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady