TEHNOLOGIÝA

Bir özi 100 işi eder

 Öz işlerini Kanadada alyp barýan tehnologiýa kompaniýalarynyň biri tarapyndan işlenip düzülen täze oba hojalyk roboty şeýle bir ukyply welin, onuň başarmaýan işi ýok. Hawa, ol ekini ekibem, tohumlandyrybam, dökün beribem, hatda hasyl ýygybam başarýar.

Mehanizatorsyz oba hojalyk tehnikalary ― traktorlardyr kombaýnlar indi juda bir uly täsinlik hem däl. Ýöne, ynha, DOT Power Platform diýlip atlandyrylýan robot tehnologiýasynyň bir özi ençeme işiň hötdesinden gelip bilýär. Adam däl diýmeseň, ol baryp ýatan daýhan.

Has takygy, bu robotyň aňyna oba hojalygy bilen bagly 100 işi ýerine ýetirmek guýuldy. Elbetde, ol munuň üçin gorag halkalary, «akylly» tigirler, heläkçiliklere garşy datçikler we sinhrozasiýa ulgamy bilen üpjün edildi.

Täze roboty döretmek juda aňsat. Oňa etmeli işini degişli düwmeleriň üsti bilen düşündirmek ýeterlik. Soň işleýşine seret-de otur! Kemini tapmarsyň.

«SeedMaster» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen robotlaryň oba hojalygynda zähmet we tehnika boýunça edilýän çykdajylary 20 göterim azaltjakdygyna ynanylýar.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/russiya-turkiya-ucar-gatnawlaryny-caklendirdi/

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi