PEÝDALY MASLAHAT

Biometrik pasport almak üçin ýüz tutmanyň täze nusgasy

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň web saýtynda pasport almak we çalyşmak üçin ýüz tutmanyň täze nusgasy ýerleşdirildi.  Täze nusganyň ýerleşdirilen linkinde Migrasiýa ulgamynda hereket edýän kanunçylyk namalary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilýändigi bellenilýär.

Agzalan linkde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, migrasiýa babatynda fiziki şahslara sanly ulgam arkaly berilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyna üýtgeşmeler girizildi diýilýär.

Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyna laýyklykda bellenen tertipde tassyklanan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin arzanyň täze nusgasyny Size ýetirýäris.

Ýadyňyzda bolsa Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy biometrik pasport almak üçin onlaýn hyzmaty ýola goýupdy.  Ol habarda şeýle diýilýärdi.

Hormatly raýatlar! Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak (çalşyrmak) üçin elektron nobata ýazylyş (hyzmat tölegli) hyzmatyndan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň www.migration.gov.tm   internet saýtyny ulanyp bilersiňiz.

Pasport almak we çalşyrmak uçin yüz tutmanyň täze nusgasyny almak üçin şu ýere basyň!

Hormatly okyjylarymyz,

Siz şeýle hem aşakdaky linkleriň üstüne basyp degişli beýleki habarlary hem okap bilersiňiz!

Degişli habarlary hem okaň!

“Migrasiýa hakynda”: Kanuna goşmaçalar we üýtgetmeler

 

Türkmenistan barada ajaýyp wideo

Gyzykly söhbetdeşlikleri we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Siz şeýle hem Google Plaý-dan “Atavatan Türkmenistan” ýazyp gözleg edip hem ýükläp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda 23-nji iýundan başlap dört awtobus ugrunyň gatnajak ýoly üýtgedilýär

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary

Aşgabatda Hytaýyň wizasy üçin onlaýn ýüz tutmak barada bildiriş

Türkmenabatda 0655 belgisi boýunça gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty açyldy