“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts “Indiki pandemiýanyň nähili öňüni almaly” (How to Prevent the Next Pandemic) atly kitap ýazdy. Bu kitap şu ýylyň maý aýynda çapdan çykyp, kitap muşdaklaryna ýetiriler.
ABŞ-ly işewür nobatdaky kitabynda geljekde pandemiýadan gaça durmagyň, şeýle hem Ýer şarynyň ähli adamlary üçin ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermegiň ýollary barada öz pikirlerini beýan etdi.
3-nji maýda çapdan çykmagyna garaşylýan kitap barada Bill Geýts şeýle diýdi:
– Men “COVID-19” ýokanjy ýüze çykan döwründen bäri yzarlaýaryn. “Gates Foundation” gaznasynyň we beýleki bilermenler bilen işleşýärin. Bu bilermenler on ýyllyklaryň dowamynda ýokanç keselleriň öňüni almak babatda takyk çäreleriň görülmeginiň üstünde işleýärler. Bu işleriň netijesinde, men hem pandemiýa barada köp zatlar öwrendim. Şonuň üçin indiki pandemiýanyň öňüni almak üçin bilýän ylmymy adamlar bilen paýlaşmagy makul bildim. Şunuň bilen baglylykda kitap ýazdym. Kitap ýazmagymyň maksady mundan soň hiç bir adamyň pandemiýadan ejir çekmeginiň öňüni almakdan ybaratdyr.
Işewüriň pikirine görä, kitapda adamzadyň koronawirus pandemiýasyndan öwrenip biljek sapaklary, janyny halas etmek üçin zerur täzelikleri, patogenleriň öz wagtynda ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur gurallary barada gürrüň edilýär.
Mundan başga-da, Geýts ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň müdiri Entoni Fauçi we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adhanom Gebreyesus bilen geçiren gürrüňdeşliklerini hem bu kitabynda beýan edýär.