JEMGYÝET

Bill Gates “Microsoftyň” dolandyryjylar geňeşinden çykdy

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan Bill Gates özüniň esaslandyran “Microsoft” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşinden meýletin çykýandygyny mälim etdi. Ol bu kompaniýasy 1975-nji ýylda Paul Allen bilen bile döredipdi. Allen 2018-nji ýylda aradan çykdy.

Bill Gates “Berkshire Hathaway” kompaniýasyndaky wezipesinden hem meýletin çekildi. Ol bu barada jemgyýetçilik torundan şeýle beýanat bilen çykyş etdi: – Iki uly kompaniýadaky wezipelerimden meýletin çykýaryn. Ählumumy derejede saglygy goraýyş, ylym-bilim, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda haýyr-sahawat işlerine has köp wagt sarp etmegi meýilleşdirýärin.

Bill Gates dolandyryjylar geňeşiniň düzüminden çykmak bilen kompaniýadan daşlaşmagy göz öňünde tutmaýandygyny, kompaniýanyň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup galjakdygyny belledi.

Bill Gates 2000-nji ýyla çenli kompaniýanyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy boldy. Ol bu wezipäni 2014-nji ýylda Satýa Nadella tabşyrdy. Şondan soňra ol ýanýoldaşy bilen “Bill & Melinda Gates” gaznasynyň işlerine has köp üns berip başlady.

“Microsoft” kompaniýasy 1986-njy ýylda köpçülige hyzmat edip başlady we häzirki wagtda bazar bahasy 1,21 trillion dollara deň bolup, dünýäniň iň gymmat kompaniýalaryň biridir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma