TEHNOLOGIÝA

Bill Geýts nädip başardy?

1955-nji ýylda ABŞ-nyň Waşington ştatynda doglan Bill Geýts ýagşy niýetli, alçak, sadaja oglanjykdy. Ol 12 ýaşlarynda wagty dosty Paul Allen bilen bilelikde tehnologiýa bilen baglanyşykly oýnawaçlary oýnamagy halaýardy. Ýaşy ulaldygyça tehnologiýa bilen has köp meşgullanyp başlady. Informatika sapaklaryndan dürli kurslara gatnady. Bu kurslaryň dowamynda aragatnaşygy nähili ýola goýmak, gündelik durmuşda tejribeleri neneňsi ornaşdyrmak baradaky sapaklary aldy.

1970-nji ýyllarda kompýuterleriň göwrümi häzirki wagtdaky ýaly kiçi däldi, has uly göwrümlidi. Şahsy kompýuterler has takygy kämil kompýuterler heniz öndürilmändi. Kämil kompýuterleri geljekde öndürmeli adam entäk ýaňy 15 ýaşynda bolan Bill Geýtsdi.

Bill Gates, tölegsiz kompýuter ulanmak üçin näbelli bir kompaniýanyň hat we bezeg işlerindäki ýalňyşlary barlaýançy hökmünde işe durdy. Şeýtmek bilen kompýuter hünärinde hem barha tejribe toplady. 20 ýaşlaryna geleninde Altair kompaniýasynda programmaçy hökmünde işlemäge başlady.

Şeýlelikde, Bill Geýts programmalaşdyrma dilini döretdi. Kompýuter ulanyjylary mundan soň özüne gerekli bolan programmalary özleri ýazyp biljekdi. Ol bu programmalaşdyrma diline «Basic» adyny berdi. Işleýän kompaniýasy «Basic» dilini has-da kämilleşdirmegi üçin Bill Geýtse şertnama hödürledi, emma Bill Geýts muny kabul etmedi. Ol dosty Allen bilen bilelikde Nýu Meksikada «Microsoft» atly kompaniýanyň düýbüni tutdy.

Bu ýerde «Cobol, Fortran, Pascal» programmalaşdyrma dillerini kämilleşdirdi. «General Electric» ýaly güýçli kompaniýalardan ýüz müňlerçe dollarlyk teklipleri aldy. Bill Geýts 1980-nji ýylda diňe bir 10 adamdan ybarat bolan öz kompaniýasynda 3 milýon dollarlyk gideji gazandy.

Microsoftyň meýilleşdiren «Microsoft Disc Operating System» (Disk bilen işleýän sistema) 2000-nji ýyllarda satuwy boýunça rekord derejä ýetdi. Laýyk 120 milýon nusga satan Geýts, hüşgärlik bilen öz programmalarynyň kod sahypalaryny gizlin saklamagy başarýar we beýleki programma öndüriji kompaniýalara örän gymmat bahalardan satmagy başarýar. Wagtyň geçmegi bilen kompaniýadaky işgär sanyny 1000-e ýetiren «Microsoft» Ýewropada hem dürli nokatlaryny açmagy başarýar.

Bill Geýts işiň jogapkärçilgine has uly üns berýärdi. Bu kompaniýada iň köp meşhurlyk gazanan bölüm Hindistandan çagyrylan programmaçylardy. Hindistanly bu ýiti zehinler Microsoftyň has-da kämilleşmeginde uly rol oýnady.

Syçan (Mouse) ilkinji gezek 1983-nji ýylda «Microsoft» tarapyndan ulanyşa girizildi. Muňa MSWORD (Microsoft Word) diýip at berildi. Bu ýazuw programmasynda “Mouse” atly serişde ulanylandan soňra, Ýewropada Word ýazuw programmasynyň satuwy artmaga başlady.

Microsoftyň meşhurlyk gazanmagy «Macintosh» atly kompýutere «Word we Excel» programmalaryny ýerleşdirmegi we kämilleşdirmegi bilen bagly boldy.

1990-njy ýyldan soňra grafiki sistemada işlenip boljak «MS-DOS»-yň bir görnüşi bolan Windows döredildi. Windows 1990-njy ýylda satuwa çykarylan mahalynda kompýuter ulgamyndaky liderligi gürrüňsiz ele aldy.

ABŞ-da ýaşaýan Bill Geýtsiň birnäçe ýyllardan bäri dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolmagy, bu adamyň  neneňsi akyllydygyna şaýatlyk edýän bolsa gerek.

 

Taýýarlan: Humaý ÇARYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

 

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy