SIZDEN GELENLER

Bilim ulgamynyň döwrebap özgertmeleri

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň gülläp ösýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygy ajaýyp zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda bolup geçýän uly özgertmeler, amala aşyrylýan tutumly işler eziz Diýarymyzy bedew batly ösüşiň täze belentliklerine göterýär. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ruhy we beden taýdan sagdyn, ösen aň-düşünjeli nesilleriň kemala gelmegi ugrunda amala aşyrylýan işler jemgyýetimiziň sagdynlygyny goramakda, ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek, ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlary wagyz etmek, olarda raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak we olary kanagatlandyrmak ýaly döwletimiz hem-de jemgyýetçilik üçin örän möhüm wezipeleri çözmek göz öňünde tutulýar.

«Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin hem ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Köp dil bilmek baýlykdyr, ruhy kämillikdir. Bu gün Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim ojaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösmegi ýaşlara öwredilýän dilleri tiz özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde ýörite gollanmalaryň, kitaplaryň, sözlükleriň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu babatda okuw maksatnamalarynyň mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, okuw kitaplary, gollanmalar neşir edilýär.

Bu gün daşary ýurt dillerini oňat özleşdirip, döwrebap bilim-terbiýe alýan ýaş nesilleriň kalbynda okamak, öwrenmek, ata Watanymyza, halkymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmek duýgusy möwç urýar.

Ýurdumyzda täze, döwrebap bilim-terbiýe ojaklarynyň, sport desgalarynyň gurulmagy, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi Arkadagly Serdarymyzyň ulgamy kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýändigine doly şaýatlyk edýän aýdyň subutnamalardyr.

Okamak, öwrenmek, döredijilikli hem-de yhlasly zähmet çekmek ýaly asylly häsiýetlere eýerýän ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini öňküden-de belende göterýändigi döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.

Biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda hem ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hususan-da dünýäniň köp snaly daşary ýurt dillerini özleşdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmekde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» iş ýüzünde öz netijeliligini görkezýär.  Döwrüň talabyna laýyk gelýän tehnologiýalaryň kömegi bilen dürli dilleri öwrenmegiň ýollary hem ýeňilleşdirildi. Internet torunda dürli programmalar döredilip, islendik adam şol ýerden höwes bildirýän dilini öwrenmegine degişli şertler döredilýär. Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmegiň we öwretmegiň usulyýeti hem ýeňilleşdi.

Ýurdumyzda ähli ugurlarda amala aşyrylýan işleriň düýp özeninde halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň geljegi baradaky aladalar durandyr. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygynyň aýdyň beýanydyr.

Jahan Gurbanowa, 

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri