SIZDEN GELENLER

Bilim ulgamynda belent maksatlar rowaçlanýar

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere beslenýär.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä standartlaryna, strategik özgerişlere üstünlikli goşulyşýan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.

Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Her ýylda täze, döwrebap çagalar baglarynyň, ak mekdepleriň sany artýar. Bular ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olarda çagalaryň irki ýaşdan zehinlerini ýüze çykarmak, daşary ýurt dillerini özleşdirip, kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, bilimlerini we başarnyklaryny yzygiderli ösdürmekde okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdirilmelidir.

Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, umumybilim edaralarynda ýaşlaryň okuw derslerini çuňňur özleşdirmeklerini üpjün edýän okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Konsepsiýanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli döwrüň dowamynda umumybilim maksatnamalary boýunça bilimiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýeti kämilleşdiriler.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berler. Munuň esasynda innowasion tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat-kommunikasiýa, oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, okatmagyň ösdüriji, sungat, portfolio tehnologiýalary ýaly ýokary netijeli usullaryny okuw işinde giňden peýdalanmak ýola goýlar. Bu pedagogik tehnologiýalar döredijilikli ulanylyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe netijeli taýýarlamak we olaryň geljekde üstünlikli okamaklaryny üpjün etmek üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär başarnyklary yzygiderli kämilleşdiriler.

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda ylmy-önümçilik gatnaşyklary berkitmekde, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlygyny üpjün etmekde, ähli şertleri döredýär. Netijede, döwrebap ylymly, sagdyn ruhly ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek bilim işgärleriniň baş maksady bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Islendik halkyň, döwletiň ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bilim jemgyýetçilik ösüşinde iňňän möhümdir. Onsuz öňe gitmek, hiç bir ugurda üstünlik gazanmak mümkin däldir» diýip, belläp geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösüşleriň iteriji güýjüne öwürmek ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde hormatly Prezidentimize rowaçlyklar ýaran bolsun!

Ajap Durdyýewa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri