SIZDEN GELENLER

Bilim özgertmeleri we okatmagyň innowasion usullary

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talaplaryna, dünýä tejribesine laýyklykda ösdürmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berjek mugallymlaryň taýýarlanylyşynyň, gaýtadan taýýarlanylyşynyň we olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşynyň hiliniň kämilleşdirilmegi ýaly oňyn özgertmeler aýdyň şaýatlyk edýär.

25-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi bilim ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek ugrundaky möhüm ädimleriň biridir. Konsepsiýa Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge, öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini has netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Durnukly bilim, kämil terbiýe hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmegiň esasyny düzýär. Bu bolsa bilim işgärlerini ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini gazanmaga ýokary jogapkärçilikli çemeleşmäge borçly edýär. Şeýlelikde, her bir mugallym öňde durýan belent wezipä abraý bilen hötde gelmek üçin geljekki nesillerimize ata-babalarymyzyň nusgalyk ýörelgeleriniň esasynda bilim-terbiýe bermegiň täze, döwrebap usullaryny yzygiderli özleşdirýär. Munuň özi okuw-terbiýeçilik işinde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Sanly bilime geçilip, innowasion täzelikleriň tejribä ornaşdyrylmagynyň we milli ýörelgeleriň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň işde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýändigini aýratyn belläp geçmek gerek. Bu ugurda durmuşa geçirilýän köp taraply işler okuwçylaryň bilim başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.

«Siziň döredijilikli zähmetiňiz biziň bilim ulgamynda gazanýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz mugallymlara uly ynam bildirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamy bizi has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda bilim edaralarynyň okuw-gollanma üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny çap etmek boýunça uly işler durmuşa geçirildi. Şol okuw kitaplaryny hem-de gollanmalary taýýarlamaga diňe bir mekdepleriň mugallymlary däl, eýsem, ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň esasy hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we beýlekiler işjeň gatnaşýarlar.

Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki zaman mekdebi — bu diňe bir ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin okuw binýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milletiň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin esasdyr.

Bu günki günde iň täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hem hünäri ýokarlandyrylyp, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklar ösdürilýär. Bilim ulgamynda gazanylýan halkara üstünlikler netijesinde Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly bilim we ylym merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çuňňur bilimli, ylymly, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Dörediji we gurujy merdana halkymyzyň baý taryhyny we medeni mirasyny dikeltmek, öwrenmek we ýokary ahlak düşünjeli, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli kemala getirmek üçin giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi ýaşlarymyzyň aýratyn alada bilen gurşalýandygynyň subutnamalarydyr.

Eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Orazgül Geldiýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Sport saglygyň gözbaşy

Mekdebe çenli bilim: geljegiň binýady

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady