SIZDEN GELENLER

Bilim nesil geljegiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär we oňyn özgertmeleri durmuşa geçirýär. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň bu möhüm ulgamy düýpli özgertmek, kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak ugrundaky ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň döwrebap bilim almak, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmak, hünär ussatlygyny gazanmak babatdaky mümkinçiliklerini has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň milli bilim ulgamynda gazanylan ösüşleri halkara derejede dabaralandyrmakda bu ugra degişli her ýylda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň we sergileriň ähmiýetiniň uludygyny nygtamak gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Serdarymyzyň goldamagy esasynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, kabul edilýän toplumlaýyn maksatnamalar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin uly işler amala aşyrylýar. Ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, durmuş abadançylygyny üpjün etmek hem-de ösen jemgyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Şoňa görä-de, ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli amal etmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň durmuş ulgamyny ösdürmek, raýatlaryň abadan, bagtyýar ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Ata Watanymyza wepaly, il-günümize gerekli nesilleri kemala getirmek hem-de olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, gözel Diýarymyzda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa biziň bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär. Bu babatda yhlasly zähmet çekmek ähli mugallymlarynyň paýyna düşýär.

Häzirki wagtda ýaş nesillere ýokary derejede bilim berilýär, hünär öwredilýär. Türkmenistanyň halkara taslamalara barha giň gerimde gatnaşmagy, döwletara hyzmatdaşlygynyň batly depginlerde ösdürilmegi, beýleki hünärler bilen bir hatarda, daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegine, öwredilmegine, bu ugurdan kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyna hem zerurlyk döredýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda 2017-nji ýylda tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» mysal getirmek bolar.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ýaşlarymyza döwrebap bilim-terbiýe berilmegi babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.Dil öwretmeklik çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde, bilim merkezlerinde, ýokary okuw jaýlarynda ýörite maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Iňlis, rus, nemes, fransuz, arap, pars, hytaý, ýapon, italýan, ispan dilleriniň hem öwredilmegi ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höweslerini has hem artdyrýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. 40-dan gowrak döwletde ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalary hereket edýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň mundna soňky ösüşlerinde kämil bilimli hem-de birnäçe dilde gürlemek ukybyna eýe bolan başarnykly ýaşlar zerur bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň tagallalar edilýär.

Maýagözel Orazgulyýewa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň

Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri