Ähli hünärlere hem özbolşuşly häsiýetler mahsus bolýar. Terbiýeçilik we bilim işini alyp barýan hünärmenler ýagny mugallymlar we terbiýeçiler üçin hem işjeňlik, köpçilik bilen gatnaşyk ýaly häsiýetler bilen birlikde guramaçylyk hem wajyp hasaplanylýar.
Bilim işgäri hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelýän şahsyýeti ýetişdrimek ýaly jogapkärli wezipäni amala aşyrýar. Onuň borjundan çagalaryň sagdyn ösüşine, sowatlygyna, jan saglygynyň howpsuzlygyna, ýokary hilli sowat öwredilmegine dahylly birnäçe işler bar. Şonuň üçin hem her bir bilim işgäri öz alyp barýan işiniň her bir şahsyýet, her bir maşgala, tutuş jemgyýet we döwlet üçin nähili derejede wajypdygyna, ähmiýetlidigine çylşyrymlygydyna dorgy düşünip işlegi başarmalydyr. Öz-özüni hünär taýdan kämilleşdirmek, öz medeniýetini ýokary derejede alyp barmak bilen ol gurmaçy hökmünde hem işjanly bolmalydyr.
Şoňa görä-de mugallymda we terbiýeçide guramaçylyk ukybyň bolmagy oňa okuwçylar we çagalar bilen terbiýeçilik işini we okuw sapagyny alyp baranda netijeliligi, özüne çekijiligi, nesillerde täsir galdyryjylygy gazanmaga itergi berýär. Galaberse-de bu häsiýet mugallyma terbiýeçilik işlerine okuwçylaryň guramaçylykly, höwesli we köpçlikleýin gatnaşyklaryny, geçirýän işlerde çalasynlyk görkezip işlemeklerini gazanmakda hem kömek edýär. Bilim işgäriniň guramaçylyk ukyby çagalaryň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmaklarynda, bäsleşiklere, çärelere işjeň taýaýrlyk görmeklerinde, jemgiýete peýdaly işleri guramakda, olaryň öz-özlerini terbiýelemeklerini ýola goýmakda we gowy netije gazanmaklaryny üpjin etmekde hem ähmiýetli bolýar. Şeýlelikde giň dünýä garaýyşly, okuw işinden daşary hem özbaşdak döredijilikli taslamalary alyp barmaga höwesli nesiller ýetişýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bilim işgärleriniň ähli taraplaýyn göreldeli, baý başarnykly tejribeli we ýokary guramaçylykly zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikler ýola goýulýar. Şunuň netijesinde bilimli we kämil başarnykly, jemgyýetçilik we gurmaçylyk işlerinde işjeňlik görkezýän ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.
Şeýle döwletli döwürde, hünärli-kärli ömürden ruhlanýan bagtyýar ykbally bilim işgärleriniň we ähli türkmenistanlylaryň Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyna aýdýan alkyşlary egsilmezdir.
Aýna NURÝAGDYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdiriligiginiň baş hünärmeni.
“Arkadag şäheri – ylham gözbaşy†şygyr bäsleşigi