DÜNÝÄ

Beýonse “Disneý” bilen şertnama baglaşdy

“Destiny’s Child” döwründen aýdym-saz pudagynyň şa zenanyna öwrülen Beýonse ozal bilelikde hyzmatdaşlyk eden “Disneý” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Beýonse 3 şertnama üçin 100 million dollar alar.

Dünýä belli aýdymçy Beýonse “Disneý” kompaniýasynyň “Şa ýolbars” filminde Nalanyň sesini beripdi. “The Sun” gazetiniň habar bermegine görä, üç taslama gatnaşmaga taýynlanýan ýyldyz aýdymçy rekord şertnamasyndan 100 million dollar gazanar.

Ilkinji eseriň 2021-nji ýylda çykjak “Gara Pantera 2” -iň ses ýazgysy bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem, Beýonse “Disneý Plus” platformasynda çykjak iki dokumental filmde çykyş eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi