Beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlara nähili ýeňillikler berilýär?
Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä, 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilen Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 115-nji maddasynda, beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlara şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:
- döwletiň dermanhana edaralaryndan, şol sanda ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň ýazyp beren dermannamasy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen ölçegleriň we tertibiň çäklerinde dermanlary mugt almak;
- ýaşaýan ýerindäki döwletiň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda diş protezlerini (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga) mugt taýýarlatmak we abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjün etmek;
- her ýylky esasy rugsadyny özleri üçin amatly wagtda peýdalanmak we zähmet hakyny tölemezden ýylda 30 senenama güne çenli goşmaça rugsat almak;
- olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny ilkinji nobatda abatlamak;
- ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlere döwletiň ýaşaýyş jaý gorundaky jaýlardan ýaşaýyş meýdanyny ilkinji nobatda bermek;
- olaryň ýaşaýan gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan başga ýaşaýyş jaýy berilmezden çykarylmagyna ýol bermezlik;
- hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak, kömekçi ýa-da fermerçilik hojalygyny guramak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen möçberlerde ýer parçalaryny mugt almak;
- eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny, şol sanda bilelikde ýaşaýan, maşgala agzalary tarapyndan hem, mugt peýdalanmak;
- öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak;
- öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmek üçin tölegiň 50 göterimi, şeýle hem telefon, radio nokady üçin her aýdaky abonent tölegleriniň 50 göterimi möçberinde ýeňillik bermek;
- suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanmak;
- merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyndan, durmuş we beýleki galyndylary çykarmak hyzmatlaryndan, hapa suwlary akabalara akdyrmakdan mugt peýdalanmak;
- ýaralananlara, seňselänläre ýa-da şikes alanlara demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda iki ýylda bir gezek mugt ýa-da olaryň islegine görä, görkezilen ulaglarda ýylda bir gezek 50 göterim ýeňillik bilen gidip-gelmek;
- şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek;
- şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol ulagynda mugt gidip-gelmek; ulaglaryň ähli görnüşlerine biletleri nobatsyz satyn almak.