DÜNÝÄ

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-niň 27-30-njy aprel aralygynda ABŞ-a döwlet saparyny amala aşyrjakdygyny habar berdi. Ol bu barada “Truth Social” tory arkaly habar berdi.

“Melaniýa we men Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň we şa zenanynyň 27-30-njy aprel aralygynda ABŞ-a taryhy döwlet sapary bilen geljekdiklerini yglan etmäge şatdyrys. Bu saparyň dowamynda 28-nji aprel agşamy Ak Tamda dabaraly kabul edişlik geçiriler” diýip, ol belledi.

Tramp öňde boljak saparyň, aýratyn-da, şu ýyl bellenilýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 250 ýyllygy nukdaýnazaryndan taryhy waka boljakdygyny nygtady. Şeýle hem ol Britaniýanyň Patyşasyna bolan hormatyny beýan edip, olar bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ses bermek dowam edýär