TEHNOLOGIÝA

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada britan neşiri “Daily Mail” habar berýär.

Birnäçe gün öň Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary şeýle çäreleri girizmegiň zerurdygyny bellediler.

Hususan-da, ýetginjekleriň sosial torlara girmegini çäklendirmek boýunça Awstraliýanyň göreldesine eýermek meselesi Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer tarapyndan gözden geçirilýär.

Britan hökümeti sosial torlardan peýdalanmaga girizilen çäklendirmelerden soň Awstraliýada ýagdaýyň nähili ösýändigine üns bilen syn edýär. Bellenilmegine görä, eger awstraliýa tejribesi netijeli bolsa, Starmer Beýik Britaniýada hem şoňa meňzeş gadaganlygy girizmäge razy bolar.

Awstraliýa 10-njy dekabrda 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan eden dünýäde ilkinji ýurt boldy. Kanuna laýyklykda iri platformalar 16 ýaşdan kiçi ulanyjylary çäklendirmäge borçludyr. Talaplary berjaý etmeýän kompaniýalara 50 million awstraliýa dollaryna (33 million ABŞ dollary) çenli jerime salnyp bilner.

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy