BILIM

Beýik Britaniýada bilim almak üçin talyp hakly maksatnama

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2023-2024-nji okuw ýyly üçin “Çiwning” (Chevening) talyp hakly maksatnama gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Maksatnama Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we Birleşen Patyşalykda mugallymlary taýýarlamak we iňlis dilini öwrenmek kurslaryndan başga-da dürli ugurlarda bir ýylyň dowamynda magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär.

Talyp haky magistr dalaşgäriniň ulag, ýaşamak we bilim almak üçin zerur bolan ähli çykdajylary ýapýar.

Üstünlikli dalaşgärler karýerasynyň başynda ýa-da ortasynda bolmaly we iňlis dilini gowy bilmeli.

Bu talyp hakyndan peýdalanmak isleýänler www.chevening.org/apply web sahypasyndan elektron anketany dolduryp, gatnaşyp bilerler.

Internet arkaly anketany nähili doldurmak barada has giňişleýin maglumaty ýokarda agzalýan web sahypasyndan, Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň saýtyndan: https://www.gov.uk/government/world/turkmenistan ýa-da “Facebook www.facebook.com/  ukinturkmenistan”, “Instagram britishhembassyashgabat” jemgyýetçilik torlaryndan alyp bolar.

Başga islendik meseleler boýunça Beýik Britaniýanyň şu elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz. ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk

Anketalary internet arkaly 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli doldurmaly.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@ata-watan-eserleri

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Garward uniwersitetinde mugt okamak mümkinçiligi: maliýe kömegini giňeldilýär

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler