SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Beýik Britaniýa zyýanly iýmitleriň mahabatyny gadagan etdi

Beýik Britaniýanyň hökümeti çagalaryň semremegi bilen bagly ýagdaýlara garşy göreş çäreleriniň çäginde, sagat 21:00-a çenli telewideniýede zyýanly iýmitleriň mahabatlaryny gadagan etdi, internetde bolsa doly gadagançylyk girizildi.

“The Guardian” neşiriniň maglumatyna görä, mundan beýläk 13 görnüşdäki harytlar telewideniýede sagat 21:00-a çenli, şeýle hem internetde islendik wagtda mahabat edilmeýär. Gadagan edilen harytlar köp mukdarda ýagy, şekeri we duzy saklaýa önümler bolup durýar.

Olaryň hataryna alkogolsyz içgiler, şokolad we süýjüler, pizza, tortlar we doňdurma, şeýle hem gury ertirlik naharlary we süle ýarmalary, sendwiçler, şeker goşulan çörek önümleri we gatyklar girýär.

Täze düzgünleri berjaý etmeýän kompaniýalara Mahabat ülňüleri boýunça müdirlik (ASA) tarapyndan çäreler görülip bilner.

Her on çagaň biri semremekden ejir çekýär

Soňky maglumatlara görä, Beýik Britaniýada mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň her ondan biri (9,2%) aşa semreme keselinden ejir çekýär, her bäş çaganyň biri bolsa bäş ýaşyna çenli diş çüýremesine sezewar bolýar.

Hökümetiň hasaplamalaryna görä, mahabat gadagançylygy çagalar arasynda semreme keseliniň takmynan 20 müň hadysasynyň öňüni almaga mümkinçilik berer.

Semreme Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugyna her ýyl 11 milliard funt sterlingden gowrak çykdajy getirýär.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär