SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Beýik Britaniýa sanjym etmäge başlady

Beýik Britaniýada täze görnüşli koronawirusa garşy ilaty sanjym etmek işine girişild. Amerikanyň “Pfizer” kompaniýasyndan we nemes hyzmatdaşy “BioNTech” bilen oýlap tapylan koronawirus sanjymy, ilkinji bolup Beýik Britaniýanyň Kowentri şäheriniň 90 ýaşly ýaşaýjysy Margaret Kinana sanjym edildi. Bu barada “Sky News” teleýaýlymy habar berýär.

“Eger-de waksina etmegi hödürleseler, onda hökman etdiriň” diýip, sanjym edilenden soňra Margaret duýgularyny beýan edýär. Margaret bir ýyl töweregi ýeke bolanyndan soň, maşgalasy we dostlary bilen has köp wagt geçirip biljekdigini buýsanç bilen belleýär.

Beýik Britaniýa 2-nji dekabrda “Pfizer / BioNTech” sanjymynyň ulanylmagyny tassyklapdy. Londonyň hökümeti 40 million sany sanjym dozasyny üpjün etmek üçin şertnamalara gol çekendigi we sanjym 9-njy noýabrda synaglaryň üçünji tapgyryndan üstünlikli geçendigi barada habar berdiler. Bu sanjym koronawirusa ýokaşmak howpuny 90 göterimden gowrak pese düşürer. Ilkinji 800 müň sany sanjym Belgiýadan, Beýik Britaniýanyň 50 sany iri lukmançylyk edaralaryna gowşuryldy. Bu sanjymlar 400 müň sany adama niýetlenendir. Sebäbi bu sanjymy birinji gezek etdireniňden soň, 21 günden soňra hökmany suratda ikinji gezek hem etdirmeli. Şu ýylyň ahyryna çenli Beýik Britaniýa 5 million sanjym dozasyny alar. Bu bolsa ilatyň 2,5 million adamyny sanjym bilen üpjün edip biler.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler