Beýik Britaniýanyň hökümeti ýurduň raýatlaryna 17-nji maýdan daşary ýurtlara syýahat edip biljekdiklerini mälim etdi. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Boris Jonson metbugat ýygnagynda belläp geçdi.
– Muny 17-nji maýdan başararys diýip umyt edýäris, raýatlarymyzyň baryp görmek isleýän käbir döwletleriniň häzirki kynçylyklaryny hem belläp geçmelidiris. Wirusyň biziň ýurdumyza gaýtadan girmeginiz islemeýäris. Dünýäniň beýleki ýerlerinde ýokanç keselleriň sany barha artýar. Muny göz öňünde tutmaly we hakykatçy bolmaly – diýip, Boris Jonson belläp geçdi.
Şeýle hem ýurduň hökümeti 4-nji ýanwarda girizilen karantin çärelerini ýatyrmak babatda hem meýilnamasyny mälim etdi. Häzirki hereket edýän çäklendirmelere laýyklykda, ýurduň raýatlaryna zerur bolmadyk ýagdaýynda daşary ýurtlara gitmek gadagandyr. Meýilnama görä, bu çäklendirme 17-nji maýdan öň ýatyrylmaýar. Dünýäde wirus bilen baglanyşykly ýagdaý erbetleşen halatynda 17-nji maýdan soň hem daşary ýurt saparlaryna çäklendirme girizilip bilner. Şonuň üçin ýurduň hökümeti raýatlaryna tomusky dynç alyş üçin meýilnama düzmezligi maslahat berýär.
Şeýle hem britan hökümeti daşary ýurda syýahat etmek üçin koronawirusa sanjym pasportlaryny girizmegiň zerurdygyny belleýär. Şol bir wagtyň özünde, şahadatnamalaryň ýurduň içinde giňden ulanylmagy uly jedelleriň döremegine sebäp bolýar. Jonsonyň belleýşi ýaly, hökümet bu meseläni jikme-jik öwrenmegi dowam etdirýär.
ÇÄKLENDIRMELER KEM-KEMDEN ÝATYRYLAR
Jonson ýurtda karantin çäklendirmelerini ýeňilleşdirmegiň täze tapgyrynyň 12-nji aprelde başlajakdygyny belledi. “12-nji aprel, duşenbe gününden meýilnamamyzyň ikinji bölegine geçjekdigimizi tassyklap bilerin. Dükanlar, sport klublary, haýwanat baglary, dynç alyş meýdançalary, dellekhanalar we açyk howada hyzmat edýän beýleki ýerler açylar”- diýip, Premýer-ministr aýtdy.
Karantin çäklendirmeleriniň ýeňilleşdirilmeginiň 3-nji tapgyry 17-nji maýda meýilleşdirilýär, şonda restoranlar we beýleki garbanyşhanalar işini doly dowam etdirip bilerler, muzeýler we myhmanhanalar açylar. Galan çäklendirmeleriň köpüsi 21-nji iýunda ýatyrylyp bilner.
KORONAWIRUS ÝOKANJY BILEN GÖREŞDE SANJYM MÖHÜMDIR
Beýik Britaniýanyň hökümeti koronawirusa garşy göreşde 2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda başlanan sanjym kampaniýasyna möhüm ähmiýet berýär. Ýurtda sanjymyň ilkinji dozasy eýýäm 31.58 million adama uruldy. Bu patyşalygyň ilatynyň 47%-den gowragydyr.