SIZDEN GELENLER

Beýik akyldaryň belent sarpasy

Magtymgulynyň edebi mirasy, şahyrana şahsyýeti we halky keşbi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmuna eýe bolýar. Ynsany ahlak arassalygyna, ýokary adamkärçilige, watançylyga, edermenlige, päk söýgä galkyndyrýan, agzybirlige, jebislige çagyrýan egsilmez ruhy çeşmä öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek, şeýle-de geljekki nesillere ýetirmek babatda amala aşyrylýan beýik işler uly üstünliklere beslenýär.

Nusgawy edebiýatymyzda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýar. Şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda orun aldy. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymgulynyň öwüt-ündewlerine eýerseň, milletiňe buýsanç, guwanç duýgusy kalbyňa dolýar. Pyragynyň şygyrlary bize paýhas mekdebidir. Söz ussadynyň döredijiligi örän köptaraplylygy bilen tapawutlanýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldaryň döredijiligi barada söz açyp, «Pyragynyň ajaýyp goşgulary ähli nesiller üçin beýik taglymat we mekdepdir» diýip belleýär. Onuň şygyrlaryndan durmuşyň islendik meselesine degişli soraglara jogap tapmak mümkindir. Onuň döreden şygyrlary ähmiýetini ýitirmän, ýyllar geçdigiçe altyn ýaly şöhle saçýar, gadyr-gymmaty artýar, gerimi giňeýär.

Magtymguly pederi Döwletmämmet Azady ýaly halkymyzy berkarar döwletlilige, agzybirlige, jebislige, erkinlige çagyrypdyr. Şahyr döwrüniň agyr ýagdaýyndan çykalga gözläpdir, ony halkyň agzybirliginde, jebisliginde, bir supranyň daşynda jem bolmagynda görüpdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eg­sil­mez ru­hy ha­zy­na­sy özün­den soň­ky ne­sil­le­ri hal­ka, ata Wa­ta­na we­pa­ly­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­ly­ga eýe bol­dy. Yn­san kal­by­nyň aý­dy­my­na öw­rü­len şy­gyr­la­ry­nyň ma­ny-maz­mu­ny çe­per­çi­lik taý­dan has kä­mil bo­lup, türk­me­niň nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň we­kil­le­ri­niň dö­re­di­ji­li­gin­de hem özü­niň aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­dy. Goş­gu­la­ry­nyň ýo­ka­ry çe­per­çi­li­gi, çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny her bir ada­myň aňy­na, iç­ki duý­gu­la­ry­na uly tä­sir ed­ýär. Şa­hy­ryň eser­le­ri hal­kyň gep­le­şik di­li­ne ýa­kyn bo­lup, hal­ky­my­zyň ar­zuw-hy­ýal­la­ry­ny, öň­de­ba­ry­jy pi­kir­le­ri­ni has aý­dyň şöh­le­len­dir­ýär. Şa­hy­ryň şy­gyr­la­ry hal­ky­my­zyň ýol-ýö­rel­ge­si­ne, ru­hy gym­mat­ly­gy­na öw­rül­di.

Ogulgerek Gurbanowa, 

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri