Türkiýaniň «Beşiktaş» klubynda baş tälimçi meselesinde kesgitli karara gelindi. Klubyň ýolbaşçylary 1,5 ýyllyk şertnama gol çekişmek üçin portugaliýaly hünärmen Bruno Pineýrony Stambula çagyrdylar. «Gara bürgüt» 45 ýaşly tälimçä her ýyl üçin 900 müň ýewro tölär. Toparyň ozalky baş tälimçisi Sergen Ýalçynyň möwsümdäki şowsuz netijeler sebäpli öz islegi bilen wezipesinden çekilendigini habar beripdik.
Ýylda 900 müň ýewro gazanar
«NTV Spor» tarapyndan berilýän habara görä, portugaliýaly tälimçi «Beşiktaşa» gelmek üçin häzirki topary «Eştoril» bilen şertnamasyny ýatyrmaly bolar. Bu babatda hem işleriň soňky tapgyrlarda alnyp barylýandygy habar berildi. Şondan soň Stambul şäherinde geljek tälimçi bilen 1,5 ýyllyk möhletde şertnama baglaşylar. Şertnama görä, ol her ýylyna klubdan 900 müň ýewro alar.
Pikirler çapraz gelýär
«Beşiktaşyň» ýolbaşçylary Sergen Ýalçyn wezipesinden çekilenden soň, ozalky baş tälimçi, ýakynda bolsa Türkiýäniň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekilen Şenol Güneş bilen ylalaşyga gelipdiler. Klubyň prezidenti Ahmet Nur Çebi topary Şenol Güneşe bermek islese-de, ýolbaşçylar düzüminiň käbir wekilleri muny göwnemedi. Klubyň Futbol anonim şereketiniň ýolbaşşçysy Jeýhun Kazanjy topar üçin Pineýrony teklip etdi. «Emeli aň» arkaly geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda onuň «Beşiktaş» üçin iň peýdaly tälimçi bolup biljekdigi öňe sürüldi. Muny dolandyryşyň agramly bölegi kabul edensoň, portugaliýaly hünärmen bilen ylalaşyk gazanyldy. Şeýle-de, bolsa häzirlikçe käbir pikirler çapraz gelýär. Çünki käbir ýolbaşçylar heniz hem toparyň başyna Şenol Güneşiň getirilmeginiň tarapdary.
Derbide tälimçi Önder Karaweli bolar
Şeýlelikde, klubyň prezidenti Ahmet Nur Çebi kesgitli karara geldi. Klub Pineýro bilen şertnama baglaşar. Ýakynda «Fenerýahçe» bilen boljak derbi duşuşygynda bolsa toparyň başynda «Beşiktaşyň» 19 ýaşa çenli ýaşlar toparynyň tälimçisi Önder Karaweli bolar.
Portugaliýaly tälimçiniň wezipesine geljek hepdede başlamagyna garaşylýar. Onuň gelmegi bilen Karaweli ýene-de ýaşlar toparyna ugradylmaz. Ol esasy düzümde Pineýronyň kömekçileriniň biri hökmünde işlär.