Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň hünärlerine aýratyn üns berilýär. Esasan hem ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerine oňat düşünýän, ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bu ugurdan möhüm işler alnyp barylýar, ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar we olaryň ylymly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklere, eýelenýän belent sepgitlere tüýs ýürekden buýsanýarys. Berkarar döwletimizde oba hojalygynyň dürli pudaklarynda iň kämil tehnologiýalar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym-bilim ulgamynda milli özgertmelerimiz üstünlikli alnyp barylýar we maksatnamalarymyz durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berilýär. Şunda ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň hem-de sergileriň ähmiýeti uludyr.
Şu günler paýtagtymyz Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi geçirilýär. 10-11-nji oktýabr aralygynda geçirilýän bu sergi hem-de maslahat ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirmekde hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, bu sergi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri hem öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem öz diwarlygy bilen köpleriň ünsüni çekýär. Diwarlykda Gahryman Arkadagymyzyn kitaplarynyň dürli dillerdäki neşirleriniň sanly tanyşdyrylyşy göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem biziň diwarlygymyzda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty okadylýan dilleriň baýdaklary, olaryn milli tagamlary, gymmatlyklary, owadan ýerleri we aýratynlyklaryna bagyşlanan sanly tanyşdyrylyş maglumaty esasynda köp ýurt barada maglumat almak mümkinçiligi bardyr.
Şeýle hem institutda geçirilýän hepdelikleriň we ylmy-amaly maslahatlaryş tanyşdyrylyş maglumatnamalary, institutymyzyň mugallymlary tarapyndan guralan teleýaýlymlardaky dürli dillerdäki sapaklary, institut baradaky wideoýazgylar. şeýle hem institutyň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wideoýazgylary diwarlykda öz mynasyp ornuny aldy.
Bu baý many-mazmunly diwarlykda ýurdumyzyň baýry instituty hem-de onda okadylýan diller, institutyň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň bilim ojaklary bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyz döwrebap ýokary okuw mekdepleriň biridir. Institutyň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda geçirýän täze özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäde derejesinde ösdürmek ugrunda giň tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Aýgözel Muhammedowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
