SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Belawia” Türkmenistan ugurly gatnawlaryny artdyrýar

Belarusyň “Belawia” awiakompaniýasy awgust aýyndan Türkmenistan ugurly awiagatnawlarynyň sanyny artdyrar. Häzirki wagtda bu kompaniýa Türkmenbaşy şäherindäki halkara howa menziline gatnawlaryny ýerine ýetirýär. Awgust aýyndan Minsk şäherinden türkmen ugry boýunça gatnawlar her hepde 2 gezek amala aşyrylar. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Kompaniýa 19-njy awgust-17-nji sentýabr aralygynda Türkmenistan ugry boýunça şenbe günleri hem gatnawlary ýerine ýetirer. Şeýlelikde, awgust aýyndan gatnawlar her hepdäniň sişenbe we şenbe günleri amala aşyrylar.

Şenbe günündäki gatnawyň tertibi şeýle:

  • Minsk şäherinden şenbe güni uçuş wagty sagat 20:00, Türkmenbaşy şäherine ýekşenbe güni sagat 02:10-da gonýar.
  •  Yzyna ýekşenbe güni 03:10-da uçýar, Minsk şäherine 05:30-a barýar.

Bu ýerde sagatlar her ýurduň öz wagtyna göre görkezilendir. Türkmenistan bilen Belarusyň araysndaky sagat tapawudy 2 sagatdyr.

Uçar gatnawlary Braziliýanyň “Embraer E195” uçarlary bilen amala aşyrylyp, bu uçarlar 125 ýolagça niýetlenendir.

Biletleri “Belawia” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki wekilhanasyndan satyn alyp bolar. Salgysy 2028-nji köçe (A.Gowşudow), 50/2-nji jaýy.

Şeýle hem biletleri awiakompaniýanyň resmi saýtyndan onlaýn hem satyn alyp bolar.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär