SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Belawia” Türkmenistan ugurly gatnawlarynda arzanladyş yglan etdi

Belarusyň “Belawia” awiakompaniýasy özüniň amala aşyrýan Russiýadan Türkmenistana tarap üstaşyr gatnawlarynyň bahalaryny arzanlatdy. Bu barada “Belta” habarlar gullugy awiakompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Awiakompaniýa Moskwa-Minsk-Türkmenbaşy we Moskwa-Minsk-Türkmenbaşy-Minsk-Moskwa, şeýle hem Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy we Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy-Minsk-Sankt-Peterburg ugurly gatnawlarynyň bahalary üçin ýörite arzanladyş yglan etdi.

Türkmenistanyň raýatlaryna eger üstaşyr gatnawy bir gije-gündizden köp bolmadyk halatynda Belarusyň wizasyny almagy zerur däldir. Howa menzilinden çykman, beýleki awiagtanawy üçin bellige alnyp biler.

– Iň gowy hem-de amatlysy, ähli ugurlar üçin öňündne bellige alnyp, 2 sany uçuş kartyny almak mümkinçiligidir – diýip, awiakompaniýa belleýär.

Russiýa daşary ýurtly raýatlaryň barmagy bilen baglanyşykly malglumatlary Russiýanyň ygtyýarly edaralaryndan öwrenmek maslahat berilýär.

Ýene-de okaň

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady