SPORT

Belarusyň sport we syýahatçylyk ministriniň Aşgabada sapary

Belarus Respublikasynyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk Türkmenistanda saparda boldy. Ol saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Gulmurat Agamyradow bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň arasynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alşyldy.

Belarusyň wekiliýeti Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumyna baryp gördi we bu döwrebap desganyň infrastrukturasy bilen tanyşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň görkezme duşuşygyna tomaşa etdiler.

Gepleşikleriň barşynda sportuň dürli görnüşleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, sport türgenlerini taýýarlamak boýunça tejribe alyşmak, Belarusyň sport desgalarynda okuw-türgenleşik tälimlerini geçirmek barada pikir alyşdylar.

Sportuň hokkeý ugry boýunça hem özara maslahatlaşmalar geçirildi. Belarusyň ministri türken toparlayrny Minsk şäherine okuw-türgenleşik tälimlerini geçmäge çagyrdy. Şeýle hem myhman türkmen hokkeýiniň ösüşine ýokary baha berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy