DÜNÝÄ

Belarusda prezident saýlawlary üçin wagtyndan öň ses berişlik başlandy

Belarus Respublikasynda 2025-nji ýylyň iň esasy syýasy wakasy bolan prezident saýlawlary üçin wagtyndan öň ses berişlik başlandy. Bu çäre 25-nji ýanwara çenli dowam eder.

Wagtyndan öň ses berişlige 26-njy ýanwarda geçirilýän prezident saýlawlaryna gatnaşyp bilmejek ses bermäge hukugy bolan saýlawçylar gatnaşyp bilýärler.

Bu döwürde wagtyndan öň ses berişlik üçin saýlaw uçastolary ýerli wagt bilen 12:00-19:00 aralygynda açyk bolar. 26-njy ýanwarda saýlawyň esasy gününde bolsa, ses bermek işi irden 08:00-dan 20:00-a çenli dowam eder.

Ýurduň Merkezi saýlaw topary bu saýlawlar üçin 5 dalaşgäri hasaba aldy. Olaryň hatarynda ýurduň häzirki Prezident Aleksandr Lukaşenko hem bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar