SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Belarus –Türkmenistan ugry boýunça ýene-de bir gatnaw

Şu ýylyň 11-nji aprelinde “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan Belarus –Türkmenistan  ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu gatnawdan Belarusda bolýan türkmen raýatlarynyň peýdalanmagyna garaşylýar. Gatnaw Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça amala aşyrylar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynda bar bolan maglumatlara görä, 11-nji aprelde meýilleşdirilen ýörite uçar gatnawy Belarus ugurly gatnawyň ikinjisi bolar. Şeýle hem gatnawyň ilkinjisi, ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji aprelde Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça ýerine ýetirildi.

Soňky birnäçe günüň dowamynda jemi 14 ýörite gatnaw

Umuman, soňky birnäçe aýyň dowamynda ýörite halkara gatnawlar artdyrylýar. Şeýlelikde, Mart we Aprel aýlarynda jemi 14 sany ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Ýakynda  ýene-de birnäçe  ýörite uçar  gatnawynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Russiýa ugru boýunça ýörite gatnawlar : 5 sany ýörite gatnaw

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat-Moskwa ugry boýunça soňky 1 aýyň dowamynda 5 sany ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Has takygy–, 9-njy, 14-nji, 18-nji we 25-nji martda we 8-nji aprelde ýörite gatnawlar amala aşyryldy.

Ukraýnadan Raýatlarymyz getirildi : 3 sany ýörite gatnaw

Ukrainadaky ýagdaýlar bilen bagly, raýatlarymyzy bir topary  ýurdumyza getirildi.  Mälim bolşy ýaly, 10.03.2022-nji ýylda ýörite gatnaw bilen Rumyniýadan 282 sany, 14.03.2022-nji ýylda Polşadan 251 sany Türkmenistanyň raýatlary getirildi. Stambul-Türkmenabat aralygynda amala aşyrylan  uçuş bilen bolsa 290 sany ýolagçylar Türkmenabadyň halkara howa menziline geldi. Şeýlelikde, jemi 823 türkmen raýaty şu tertipde ýurdumyza getirildi.

Türkiýe ugry boýunça ýörite gatnawlar : 4 sany ýörite gatnaw

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul, 14-nji we 26-njy martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetirdi.  Bellemeli zat, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy şu ýylyň 8-nji aprelinde ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirdi. Ýakyn wagtda-da Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy  ýene-de ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

 

Aşgabat-Moskwa ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

 

Minsk-Türkmenbaşy ugurly ýörite gatnaw amala aşyryldy

 

 

Stambul-Türkmenbaşy ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy