TEHNOLOGIÝA

Belarus ilkinji kosmonawtyny älem giňişligine iberdi

“Soýuz MS-25” kosmos gämisi Gazagystanyň Baýkonur kosmodromyndan kosmos giňişligine uçuryldy. bu gezekki saparyň halkara ekipažynyň düzüminde Belarus Respublikasynyň öz taryhyndaky ilkinji kosmonawty Marina Wasilewskaýa hem bar. Şeýle hem serkerde Oleg Nowiskiý we amerikaly inžener Treýsi Daýson Halkara kosmos stansiýasyna gitdi. 

Ilkinji belarus kosmonawtyny Halkara kosmos bekedinde Oleg Kononenko, Nikolaý Çub, Aleksandr Grebenin, Loral O’Hara, Mettýu Dominik, Maýkl Barrat we Janett Epps ýaly kosmonawtlar garşylady.

“Soýuz MS-25” kosmos gämisi 50 sagatdan soňra Halkara kosmos bekedine bardy. Belarusly kosmonawt kosmos giňişliginde 12 gün galar we şol döwürde 7 sany ylmy barlaglary geçirer. Olaryň hatarynda belarus enjamlary bilen Ýeri zondirlemek işi hem bar.

Belarusyň zenan kosmonawtyny älem giňişligine ibermek pikiri 2 ýyl mundan ozal peýda bolupdy. Şonda Aleksandr Lukaşenko Wladimir Putin bilen bu barada maslahatlaşypdy.

Belarusyň ilkinji kosmonawty bolmak isleýän dalaşgärleriň sany müňden geçdi. Köp sanly saýlap seip alyş işinden soňra Marina Wasilewskaýa saýlanyp alyndy. Adatça, kosmonawtlar kosmos saparyna azyndan 5 ýyl taýýarlanýar. Ýöne Marina üçin bu döwür 8 aý dowam etdi.

Marina Wasilewskaýa Halkara kosmos bekedinde 12 gije-gündiz geçirip, 6-njy aprelde Oleg Nowiskiý we Loral O’Hara bilen yzyna gaýdyp geler.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler