SPORT

Belarus GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryny geçirmäge taýýar

Ýene-de bir aýdan az wagtdan Belarus Respublikasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine görýän ýurtlaryň II Oýunlaryna badalga berler. Iri sport ýaryşyna dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan türgenler gatnaşmaga isleg bildirdi. Bu barada Belarusyň sport we syýahatçylyk ministrli Sergeý Kowalçuk habar berdi.

GDA ýurtlarynyň II Oýunlary 2023-nji ýylyň 4-nji awgusty – 14-nji awgusty aralygynda geçiriler. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabarasyny ýurduň paýtagtyndaky «Minsk-Arena» kabul eder. Ýaryşlar şeýle hem Brestde, Witebskiýde, Gomelde, Grodnoda, Mogilýowde, Borisowada, Soligorskide, Orşda, Molodeçnoda we Žlobinede geçiriler.

Türgenler sportuň 20 görnüşi boýunça baýrakly orunlar ugrunda bäsleşerler. Belarusuň 11 şäherinde geçiriljek GDA ýurtlarynyň II Oýunlaryna 6 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar. Olaryň 4 müňüsi türgenler, 900-si tälimçiler, 800-si bolsa eminlerdir.

Bäsleşikde türgenler sportuň 20 görnüşi – 3×3 basketbol, boks, woleýbol, gandbol, dzüudo, ýeňil atletika, mini-futbol, suwda ýüzmek, kenar woleýbol, kenar futbol, sambo, sport göreşi, ýaýda ok atmak, tailand boksy, agyr atletika, otuň üstünde hokkeý, gimnastika ýaly sport görnüşlerinden ýaryşlar geçiriler.

GDA ýurtlarynyň I Oýunlary 2021-nji Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilip, onda sportuň 16 görnüşi boýunça medallaryň 181 toplumy ugrunda ýaryşlar guraldy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy