DÜNÝÄ

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Stanislaw Çepurnoý Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Annaýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky awiaatnawlary giňeltmegiň möhüm meselelerini, ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara belarus-türkmen toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada gürrüň edildi.

Mundan ozal, Minsk şäherinde halkara awtomobil gatnawlary boýunça belarus-türkmen bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirilipdi. Şol duşuşygyň esasy netijeleriniň biri — 2027-nji ýyl üçin halkara ýük daşamalaryny amala aşyrmak üçin rugsatnama resminamalarynyň çalşygynyň kwotalaryny ylalaşmak boldy.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ses bermek dowam edýär