DÜNÝÄ

Beýik Britaniýanyň ministri Türkmenistanda saparda bolar

Beýik Britaniýanyň Ýewropa meseleleri boýunça ministri Leo Doerti Merkezi Aziýa döwletlerinden Täjigistanda we Türkmenistanda saparda bolar. Onuň bu sapary sebit ýurtlary bilen energetika howpsuzlygy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk hem-de söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly ugurlarda özara pikir alyşmalary geçirmekden ybaratdyr. Bu barada Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Britan ministri özüniň ilkinji saparynda Täjigistanyň Nurek bendine baryp görer. Ol bu ýurtda geçirjek duşuşyklarynda arassa we howpsuz energiýa üpjünçiligi hem-de klimat howplaryny aradan aýyrmak babatda pikir alşar.

Türkmenistanyň resmi ýolbaşçylary bilen geçiriljek gepleşikleriň barşynda metan gazynyň azaldylmagy, sebitde howanyň üýtgemegine garşy göreşi güýçlendirmek ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady ugurlary işjeňleşdirmegiň ugurlary boýunça pikir alşylar.

Şeýle hem britan ministri Aşgabada amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmen halysynyň muzeýine hem baryp görer.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär