JEMGYÝET

Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda guramaçylyk meselelerine seredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti şol mejlisde Ministrler Kabinetiniň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini ýapmak baradaky Karara gol çekdi.

Şoňa laýyklykda, ozal Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesini hem ýerine ýetiren Çarymyrat Amanow başga işe geçmegi mynasybetli Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadyldy.

Goranmak ministri general-leýtenant Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenildi.

 

 

Döwlet howpsuzlyk geňeşi: ýolbaşçylar wezipä bellendi

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» 15-nji Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Kazan-Türkmenbaşy uçarynyň biletiniň bahasy barada

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar