Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Mary şäheri ýa-da gadymy kitaplarda we golýazmalarda ýatlanylýan Maru-Şahu-Jahan gadymy döwürden bäri özüni ajaýyp tebigaty, myhmansöýerligi, geografiki taýdan amatly ýerleşişi, ýeriniň we suwunyň bejeriş aýratynlyklary, asyrlarboýy dowam edip gelen ekerançylyk däpleri bilen giňden tanalýar. Mary welaýatynyň iň ajaýyp we şypaly ýerleriniň biri Baýramaly şypahanasydyr. Murgap derýasynyň sag kenarynda, gadymy ýadygärlikleriň jümmüşinde ýerleşýän täsin “Baýramaly” şypahanasy uzak ýyllardan bäri diňe bir türkmenistanlylaryň däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän köpsanly daşary ýurtly müşderileriň, jahankeşdeleriň arasynda hem aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar. “Baýramaly” şypahanasy gadymy rowaýatlarda Beýik Ýüpek ýolundan geçýän çet ýurtly jahankeşdeleriň şypahananyň häzirki ýerleşýän ýerine gelenlerinde ýadawlygynyň, agyrylarynyň, çişleriniň, sussupesliginiň aýrylýandygynyň, soňra bolsa ruhbelentlik, sagdynlyk duýulýandygynyň gudraty barada aýdylýar.