DÜNÝÄ

Baýden Ýewropa ýurtlarynda saparda bolar

Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ýewropa ýurtlaryna amala aşyrjak sapary barada maglumat berdi.

Prezident Baýden şu ýylyň 9-13-nji iýuly aralygynda Ýewropanyň 3 ýurdunda – Angliýada, Litwada we Finlýandiýada saparda bolar.

Baýden ABŞ bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrak maksady bilen Beýik Britaniýa sapar bilen barar. Ol bu saparyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III hem-de Premýer-ministri Rişi Sunak bilen duşuşar.

Soňra Baýden NATO guramasynyň 74-nji sammitine gatnaşmak üçin Litwanyň Wilnýus şäherinde saparda bolar.

Şeýle hem ABŞ-nyň Prezidenti 13-nji iýulda ABŞ-Skandinaw ýurtlarynyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar. Ol hem Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde geçiriler.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär