DÜNÝÄ

Baýden gaýtadan prezidentlige dalaş etmekçi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 2024-nji ýylda ikinji möhlete saýlanmak üçin dalaş etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ak Tamyň metbugat sekretary Jen Psaki habar berdi.

Nobatdaky metbugat ýygnagynda metbugat gulluklarynda Baýdeniň nobatdaky möhlet üçin prezidentlige dalaş edip-etmejekdigi baradaky çykanlar habarlar soraldy. Psaki bu barada ýurduň Prezidentiniň meýliniň bardygyny belledi.

79 ýaşyndaky Jozef Baýden ABŞ-nyň iň ýaşuly döwlet baştutanlarynyň biridir. Baýdeniň bu baradaky gutarnykly netijesini Kongresiň nobatdaky saýlawlaryndan soňra mälim etmegi meýilleşdirýär. Bu saýlawlar 2022-nji ýylyň noýabrynda geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, golaýda 20-nji noýabrda ABŞ-nyň Prezidenti 79 ýaşady. Şeýle hem ol şondan bir gün öň nobatdaky lukmançylyk barlagyndan geçdi. Şol döwürde 1 sagat 25 minut Baýdeniň orunbasary Kamala Harris prezident wezipesini amala aşyrdy. Kamala Harris gysga wagtlyk hem bolsa, ABŞ-nyň taryhyndaky ilkinji zenan prezident boldy.

 

Eýran-Azerbaýjan-Türkmenistan formatynda tebigy gaz hyzmatdaşlygy

 

Ýene-de okaň

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa üçin täze ýörite wekil belledi

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri duşuşar

Germaniýada täze hökümet düzülermi?

Türkmenistan Marokko ilçi belledi

Germaniýanyň täze kanslerini kesgitlejek saýlaw

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Hytaýyň ýolbaşçylaryna iberen resmi çakylyklary gowşuryldy