SPORT

“Bawariýa” – Germaniýanyň gyşky möwsüminiň çempiony

Germaniýanyň “Bawariýa” topary ýurduň futbol boýunça milli çempionatynyň gyşky möwsüminiň çempiony boldy. Bu topary çempionatyň 16-njy tapgyrynda “Ştutgart” topayrny 5:0 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykda Serž Gnabri 3 gezek, Robert Lewandowski bolsa 2 gezek tapawutlandy.

Şeýlelikde, Robert Lewandowski 2021-nji ýylyň iň köp gol geçiren futbolçylarynyň sanawynda arany açyp barýar. Onuň geçiren gollarynyň sany 68-e ýetdi.

“Bawariýa” topary çempionatyň gyşky möwsüminiň çempiony diýsek hem bolar. Olar 16 tapgyryň ahyrynda 40 utuk jemledi. Ikinji orunda barýan “Borussiýa” topary 15 tapgyrda utuklarynyň sanyny 31-e ýetirdi.

Gyşky möwsümdäki arakesme üçin ýene-de bir tapgyr galdy. Ol hem 17-19-njy dekabr aralygyda oýnalar.

Şondan soňra ýurduň çempionatynda 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwaryna çenli dynç alyş yglan ediler.

“Bawariýa” topary 24-nji gezek gyşky möwsümiň çempiony boldy. Bu topar gyşky möwsümi birinji tamamlap, 21 gezek ýurduň çempiony bolmagy başardy.

 

“Mançester Sitiniň” 7:0 hasaplyk ýeňşi

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi