IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: ýyladyş gazanhanasynyň durkuny täzelemek

Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň «Merkez-3» ýaşaýyş jaý toplumynyň kuwwaty 61,90 Gkal/sag 8 sany ýyladyş gazanhanasynyň durkuny täzelemek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. 

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz şäheriniňS.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýynda ýerleşýän welaýat häkimliginiň edara binasynda size teklip edýär:

— gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

 

10-njy sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär