Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatyň etraplarynda we Tejen şäherinde milli maksatnamalara laýyklykda medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalary (hassahanalar, saglyk öýleri, çagalar bagy, umumybilim berýän mekdepler), ilatly ýerleriň suw, lagym, elektrik üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtoulag ýollaryny (köçeleri) suw we lagym arassalaýjylary gurmak, şeýle hem hereket edýänleriniň durkuny täzelemek we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bar bolan hem-de resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar.
Ähli isleg bildirýän ýuridik taraplar tekliplerini şu salga ibermeli:
Ak bugdaý etraby, Änew şäheriniň Änew köçesiniň 4-nji jaýy. (Welaýatyň Düýpli gurluşyk müdirligi).
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 137) 33-4-17, 33-5-40.
Faks belgisi: (+993 12) 57-43-27.