ATAWATAN ESERLERİ

Bäsleşik Tamamlanýar : Haýsy Eserler öňdäki orunlarda?

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi gyzgalaňly dowam edýär. Häzirki wagtda bäsleşik tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär we 15 Iýul 2020 senesinde Türkmenistanyň wagty bilen sagat 15:00-de ses berişlik tamamlanar we iň gysga wagtda bäsleşigiň şertlerine laýyklykda ýeňijiler yglan ediler. Ýeňijiler şol eseriň saýtymyzdan “okalan” sanyna we şol eseriň Facebook we Instagram hasabymyzdaky “halanan” sanynyň jemine görä yglan ediljekdigi sebäpli halan eserleriňize ses berip bilersiňiz! Ýeňijilere pul baýraklary garaşýar we pul baýraklary ýeňijiniň bank hasaplaşyk hasaplaryna iberiler. Pul baýraklarynyň möçberleri bu habarymyzda berilýär.

Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edipdi.

Bäsleşik Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän, Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär. Bäsleşigimizde ýeňiji bolan 15 eseriň awtoryna jemi 10 500 Türk lirasy möçberinde baýraklar garaşýar.

Bäsleşige hödürlenen eserler saýtymyza ýerleşidirildi we häzirki döwürde eserlere giň okyjylar köpçüligi tarapyndan ses berilýär. Eserler şeýle hem resmi Facebook we Instagram hasabymyza hem ýerleşdirildi. Resmi Instragram hasabymyzda bizi yzarlaýan okyjylarymyzyň sany bäsleşigiň yglan edilen senesinden bäsleşigiň tamamlanýan senesine çenli geçen döwürde ýokary derejede artandygyny hasaba alyp, şol eserleri Instagram hasabymyzda ikinji gezek paýlaşdyk.  Bäsleşik jemlenende Instagram hasabymyzda şol eser 2 gezek paýlaşylandygy üçin her iki paýlaşylan ses berişligiň jemi hasaba alynar.

Ýeňijini kesgitlemegiň şerti

Siz degişli linke girmek bilen, şol  eserleri saýtymyzdan okap bilersiňiz, şeýle hem resmi  Facebook we Instagram sahypalaryndaky halan eseriňize “haladym” belligini goýup bilersiňiz. Öň yglan edilişi ýaly, ýaryşa hödürlenen eserlerden ýeňiji kesgitlenende saýtymyzdaky şol eseriň “okalan” sany 50 göterim täsir edýän bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi  Facebook sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 25 göterim, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi Instagram sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 25 göterim täsir edýär.

Eser Türkmen dilinde ýa-da Türk dilinde ýazylandygyna garamazdan saýtymyzyň Türkmen, Türk we Iňlis dili sahypalarynda ýerleşdirildi we “saýtdan okalan sany” hasaplananda şol 3 dildäki “okalan sanynyň” jemi hasaba alnar. Eger “okalan sany” boýunça saýtda görünýän “okalan sany” bilen “Google Analytic” maglumatlary boýunça “okalan sany” deň gelmese onda, “Google Analytic” maglumatlary kabul ediler.

Saýtdan “okalan sany”

Saýtdan okalan sanynyň ortaçasy hasaplananda 50.000 gezek okalanda 100 bal bolýar. Ýagny her 500 gezek okalan sany 1 bala deň gelýär.  Mysal üçin saýtymyzda bir eser 4500 gezek okalan bolsa, 4500/500=9 bal alar.

Instragram hasabyndan “ halanan sany”

Instagram hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Mysal üçin Instagram hasabymyzda bir eser 600 gezek halanan bolsa, 600/10=60  bal alar.

Facebook hasabyndan “halanan sany”

Facebook hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Mysal üçin Facebook hasabymyzda bir eser 400 gezek halanan bolsa, 400/10=40 bal alar.

Mysallara ýüzleneliň:

A  belgili  eser saýtymyzdan  55 bal alan bolsa , Instagram hasabymyzdan 45 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 450 gezek “halanan”  bolsa) we Facebook hasabymyzdan 35 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 350 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(55*50/100)+(45*25/100)+(35*25/100)= 27.5+11.25+8.75=47.5 bal

B  belgili  eser saýtymyzdan  45 bal alan bolsa , Instagram hasabymyzdan 53 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 530 gezek “halanan”  bolsa) we Facebook hasabymyzdan 47 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 470 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(45*50/100)+(53*25/100)+(47*25/100)= 22.5+13.25+11.75=46.5 bal

C  belgili  eser saýtymyzdan  48 bal alan bolsa , Instagram hasabymyzdan 67 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 670 gezek “halanan”  bolsa) we Facebook hasabymyzdan 80 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 800 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(48*50/100)+(67*25/100)+(80*25/100)= 24.00+16.75+20.00=60.75 bal

Bu ýagdaýda,  C belgili eser 60.75 bal bilen 1-nji orny, A belgili eser 47,5 bal bilen ikinji orny we B belgili eser bolsa 46.5 bal bilen 3-nji orny eýeleýär.

Bäsleşige hödürlenen Eserler

  1. Mahri Annayeva, Kastamonu Üniversitesi öğrencisi, Kitap okumanın faydaları, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
  2. Kerim Annaýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – akyl-paýhasyň gönezligi, Makalanyň Facebook linki,  Makalanyň Instagram linki
  3. Aydana Abdusalamova, İstanbul Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın FaydalarıFacebook linkiInstagram linki
  4. Dilnäz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  5. Kerwen Rozyýew,  Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Dünyadaki en büyük satıcı, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
  6. Amanbibi Sarıyeva, Ankara Hacı Bayram Veli Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın Faydaları, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
  7. Maysa Annamyradova, Kırşehir Ahi Evran Üniversitesi öğrencisi, Kitap hayatın vazgeçilmez parçası, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
  8. Jahan Gulamalyýewa, Bahçeşehir Üniversitesi öğrencisi, Kitap ve Sağlık, Makalenin  Facebook Linki, Makalenin İnstagram Linki
  9. Geldimyrat Ataýew, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy…,  Makalanyň  Facebook link, Makalanyň Instagram linki
  10. Gurbangeldi Magtymow,  Bülent Ejewit adyndaky uniwersitetiň talyby, Kitap okamak – gymmatly hazyna, Makalanyň  Facebook link, Makalanyň Instagram linki
  11. Gülnaz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – ummansyz hazyna, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  12. Maýa Saparkulowa, Alanýa Alaaddin Keýkubat uniwersitetiniň talyby, Kitaplar – uly miras, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  13. Şamyrat Şamyradow, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşymyzyň bezegi, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  14. Rejepnazar Ýediýew, Marmara uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşyň gözbaşy, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  15. Zeýnep Geldimyradowa, Seljuk uniwersitetiniň talyby, Kitap adamyň durmuşyny bezeýän serişde, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  16. Erkin Apbayev, Kırklareli Üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak neden önemli?, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
  17. Magtym Jorayev, Ondokuz Mayıs Üniversitesi öğrencisi, Okumak gelişimin anahtarıdır, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
  18. Gunça Jorayewa,  Kafkas uniwersitetiniň talyby, “Kitap – Jemşidiň jamy”, Makalanyň Facebook linki , Makalanyň  Instagram  linki
  19. Döwlet Mälikgulyýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, “Bir Kitap” atly adamyň hekaýasy”, Makalanyň Facebook linki , Makalanyň  Instagram  linki
  20. Gunça Açılova,  Kırşehir Ahı Evran üniversitesi öğrencisi, Kitaplar olmasaydı ne olurdu?, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
  21. Jemile Galpakowa, 19-njy Maý uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki
  22. Dövletgeldi Myradov,  Erciyes Üniversitesinin öğrencisi, Kitap Okumanın Önemini Ezberi Bozan Anlatım, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki
  23. Gülşat Davıdova,  Karamanoğlu Mehmetbey Üniversitesi Öğrencisi, Kitap bizim dostumuzdur, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki
  24. Gülşirin Davıdova,  Celal Bayar Üniversitesi Yüksek Lisans öğrencisi, Çok Okumak Değil, Doğru Okumak Önemidir, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki
  25. Mahym Rahadova, Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak zaman yolculuğu yapmaktır, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň  Instagram  linki
  26. Nuray Garabayeva, Ankara Üniversitesi öğrencisi, Kitap içerisinde yeni dünyalar taşır, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň  Instagram  linki

 

Ýeňijilere Pul Baýraklary Garaşýar: Jemi 10.500 Türk Lirasy

Bäsleşigiň şertlerine görä, birinji bolan eseriň awtoryna 2000 Türk lirasy möçberinde pul baýragy garaşýar. Pul baýraklary ýeňijiniň öz adyna açylan bank hasabyna Türk lirasy görnüşinde geçiriler. Ýaryş öňem belläp geçişimiz ýaly Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär.

 

1-nji orun: 2000 Türk Lirasy

2-nji orun : 1500 Türk Lirasy

3-nji orun : 1000 Türk lirasy

4-nji orun :500 Türk Lirasy

5-nji orun :500 Türk Lirasy

6-njy orun :500 Türk Lirasy

7-nji orun :500 Türk Lirasy

8-nji orun :500 Türk Lirasy

9-njy orun :500 Türk Lirasy

10-njy orun :500 Türk Lirasy

11-nji orun : 500 Türk Lirasy

12-nji orun : 500 Türk Lirasy

13-nji orun : 500 Türk Lirasy

14-nji orun : 500 Türk Lirasy

15-nji orun : 500 Türk Lirasy

 

Haýsy eserler öňdäki orunlarda?

  1. Nuray Garabayeva, Ankara Üniversitesi öğrencisi, Kitap içerisinde yeni dünyalar taşır,
  2. Mahym Rahadova, Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak zaman yolculuğu yapmaktır,
  3. Amanbibi Sarıyeva Ankara Hacı Bayram Veli Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın Faydaları
  4. Kerim Annaýew Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – akyl-paýhasyň gönezligi
  5. Kerwen Rozyýew  Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Dünyadaki en büyük satıcı
  6. Dilnäz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary
  7. Gunça Jorayewa, Kafkas uniwersitetiniň talyby, “Kitap – Jemşidiň jamy”
  8. Erkin Apbayev, Kırklareli Üniversitesi öğrencisi,Kitap okumak neden önemli?,
  9. Magtym Jorayev, Ondokuz Mayıs Üniversitesi öğrencisi, Okumak gelişimin anahtarıdır
  10. Mahri Annayeva, Kastamonu Üniversitesi öğrencisi,Kitap okumanın faydaları
  11. Zeýnep Geldimyradowa Seljuk uniwersitetiniň talyby,Kitap adamyň durmuşyny bezeýän serişde
  12. Aydana Abdusalamova,  İstanbul Üniversitesi öğrencisi , Kitap Okumanın Faydaları
  13. Rejepnazar Ýediýew Marmara uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşyň gözbaşy
  14. Gurbangeldi Magtymow Bülent Ejewit adyndaky uniwersitetiň talyby.Kitap okamak – gymmatly hazyna
  15. Geldimyrat Ataýew Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy…

Bellik : Häzirki wagtda bäsleşige berilen sesleriň ilkinji netijelerine görä, ilkinji 15-lige giren eserleriň sanawy ýokaryda berilýär we sesleriň netijeleri bir-birine örän ýakyn bolanlygy sebäpli bu 15-ligiň üýtgäp biljekdigini belläp geçýäris. Şol sebäpli hormatly okyjylarymyzdan ähli eserleri okamagy we iň halan eseriniň ýeňiji bolmagyna goşant goşmalaryny haýyş edýäris.

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri